“Gurhan sowgadym bolsun”...

40 ýurtda 10 dilde 108 müň Gurhan paýlandy

603220
“Gurhan sowgadym bolsun”...
hediyem Kur'an olsun.jpg

Türkiýäniň Din işleri guramasy “Gurhan sowgadym bolsun” taslamasynyň çäginde 40 ýurda 10 dilde 108 müň Gurhan paýlady.

 “Gurhan sowgadym bolsun” taslamasynyň çäginde Balkanlarda 5 müň, Aziýada 23 müň 200, Afrikada 24 müň 500, Ýakyn Gündogarda 23 müň we beýleki ýurtlarda hem 3250 Gurhan paýlandy.

Şeýlelikde ýurduň içinde we daşary ýurtlarda jemi 156 müň Gurhan paýlandy.

Gurhan fransuz, rus, iňlis, gazak, azeri, boşnýak, Nepalyň we Efiopiýanyň iki ýerli dilinde terjime edilýär.

Taslamanyň çäginde Medine haty bilen neşir edilen 100 müň Gurhan hem Siriýa, Yrak, Gaza we Liwan ýaly Ýakyn Gündogar ýurtlarynda paýlandy.

Gurhanyň ispan, nemes we alban dili bilen birlikde beýleki dillerde neşir edilmegi baradaky işler hem dowam edýär.

 



Degişli Habarlar