Režissýor Spike Li Oskar sylaglaryny protest etdi

Režissýor Spike Li şu ýyl 88-nji gezek geçirilýän Oskar sylaglaryny NBA ýaryşyna gidip protest etdi

442466
Režissýor Spike Li Oskar sylaglaryny protest etdi

Spike Li Golliwutdaky Oskar dabarasynyň ýerine şol wagt Nýu Ýorkyň Medison Skwer Garden merkezinde Nýu Ýork Kniks bilen Maýami Heat arasyndaky basketbol komandalarynyň arasyndaky bäsleşigi tomaşa etmäge gitdi.

Ýaryşa aýaly Tonýa Lýuwis Li bilen giden Li Oskar dabarasynda geýilýän smokingi geýip bardy.

Tanymal negr režissýor negr sungat adamlarynyň Oskar baýraklarynyň dalaşgärligine negrleriň görekezilmändigine gaharly.

Li 2016 Oskar sylaglarynyň geçen aý beýan edilmeginden soň eden çykyşynda negrleriň dalaşgärleriň arasynda ýoklugy sebäpli protest bildirjekdigini aýdypdy.



Degişli Habarlar