Ankara Nallyhan Iňňe Tornagyşy

Türkiýäniň Özboluşly Önümleri

2079801
Ankara Nallyhan Iňňe Tornagyşy

Türkiyäniň paýtagty Ankara şäheriniň Nallyhan etraby özüniň iňňe tornagyş senetçiligi bilen tanalýar. Iňňe tornagyşy, “tyg” diýip atlandyrylýan kiçijek el guraly bilen biri-birinden tapawutly aýlawly şekiller emele getirilip, olaryň birleşdirilmegine esaslanýan üç ölçegli senetdir. Ankara Nallyhan Iňňe Tornagyşy Nallyhan Galkynyş gaznasynyň ýüz tutmagy netijesinde 2018-nji ýylda Türkiyäniň Geografiki taýdan hasaba alynan önümleriň arasyna goşuldy. Esasan hem başatgyçlaryň bezelmeginde ulanylýan iňňe tornagyşlary sebitde ýaşaýan zenanlar tarapyndan emele getirilýän we uzak wagt dowam edýän tagallalaryň netijesinde ýüze çykýan senetdir. Gadymy Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän Nallyhan etrabynyň çäklerinde gadymy döwürlerde ýüpegiň ulanylyşy ýaýbaňlanypdyr we ilkinji wagtlarda ýüpek ýüplükler ulanylyp edilen iňňe tornagyşlary wagtyň geçmegi bilen özgeripdir. Nallyhan Iňňe Tornagyşynyň iň möhüm aýratynlygy, ýüpi egmek usulynyň ulanylmagy we tornagyşyň başlangyç nokady hasaplanýan kök böleginiň hiç haçan örtüklerde ulanylmazlygydyr. Bu usul iňňe tornagyşyna gaty şekil berýär we şol sebäpli Nallyhan Iňňe Tornagyşy el bilen ýa-da kir ýuwulýan maşyn bilen ýuwulmaga çydamlydyr. Nallyhan Iňňe Tornagyşynda ulanylýan ýüplüklerde tebigy boýaglar ulanylýar we gatadýan himiki maddalar hiç haçan ulanylmaýar. Nallyhan Iňňe Tornagyşynyň önümçiliginde  esasan hem miwe, ýaprak, gül ýaly ösümlikleriň nagyşlary edilýär. Olar bilen birlikde bal arysy, kebelek ýaly haýwanlaryň sudurlary we tapawutly geometrik motiwler ulanylýar. Mundan başgada, ony edýän adamyň hyýalyna baglylykda dürli nagyşlar döredilip bilinýär. Nallyhanyň simwoly ýagdýayna gelen iňňe tornagyşy sungady uzak ýyllaryň dowamynda sebitiň halkynyň girdeji çeşmeleriniň biri bolup gelipdir.


Etiketkalar: #tornagyş , #iňňe , #Ankara , #Nallyhan

Degişli Habarlar