Türkiýe Respbulikasy 100 ýyllygyny belläp geçýär.

Geňdir dünýe, giňdir dünýe

2057160
Türkiýe Respbulikasy 100 ýyllygyny belläp geçýär.

Türkiýe Respublikasy yglan edilmezden birnäçe ýyl ozal Mustafa Kemalyň respublikanyň gurulmagyny meýilleşdirendigini bilýäňizmi?

Türkiýe Respbulikasy 100 ýyllygyny belläp geçýär.

Respublika 1923-nji ýylyň 29-njy oktýabrynda yglan edilýär. Emma Musta Kemal Atatük şol seneden  öň karara gelipdi. 1-nji jahan urşunda ýeňilen Osman döwleti, özi üçin ölüm permany manysyny aňladýan agyr şertleri özünde jemleýän Sewr şetnamasyna gol goýupdy we territoriýasyny basylyp alynypdy. 1919-njy ýylyň 19-njy maýynda Samsunda türk milletiniň azat edijilik göreşini başladan Mutafa Kemal, ähli ýaramaz şertlere garamazadan hökmany suratda ýeňiş gazanjakdygyny ynanýardy. Eýsem ähli azat edijilik söweşi ýaňy başlapdy we türk goşunlary döredilmändi.

1919-njy ýylyň iýul aýynda Erzurumda azat edijilik sömweşini meýilleşdirmek üçin kongres geçirilýär. Şol agşam Mustafa Kemal ol ýerde doslaşan adamlaryndan biri bolan Mazhar Müfit Kansuwa ýeňişden soň hökümet ulgamynyň respublika boljakdygyny aýdýar. Emma şoňa çenli bu sözi syr hökmünde galýar. Aralarynda ýeke-täk syr ol däldi. Mustafa Kemal şol agşam egin-eşik taýdan hem käbir özgerlişikleri etjekdigini aýdýar. Aýratynam, asyrlaryň dowamynda ulanylan arap elipbiýiniň ýerine latyn elipbiýine geçilýär.

Söweş, dört ýyl soň türk milletiniň ýeňişi bilen gutarýar, Lozanna Parahatçylyk şertnamasy kabul edilýär, Soltanlyk bes edilýär. 1923-nji ýylyň 28-nji oktýabrynda Mustafa Kemal egindeşlerine “Ertir Respublikany yglan edýäris” diýýär. 29-njy oktýabr güni Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisibde respublika yglan edilýär. Soň gizlin ses berlişik usulyýeti bilen prezident saýlawy geçirilýär we 158 halk deputatynyň ählisi täze türk döwletiniň ilkinji prezidentligine Mustafa Kemaly saýlaýar.

Täze türk döwleti bütin dünýä jar edilenden soň M.Kemalyň uzak ýyllar ozal meýilleşdiren başlangyçlary hem nobaty bilen iş ýüzüne geçilýär. Diňe bir egin-eşik taýdan däl, eýsem bilim, hukuk, medeniýet, ykdysadyýet, zenanlara syýasy hukuklaryň berilmegi ýaly jemgyýetçilik durmuşyň ähli ugurlarynda ençeme ynkylap edilýär. Latyn elipbiýine geçilýär. Şeýlelikde Türkiýe Respublikasy M.K. Atatürkiň maksat edinen dünýewi, döwrebap we demokratik döwlet hökmünde dünýä ýurtarynyň hataryndaky ornuna eýe bolýar.



Degişli Habarlar