Bägül suwunyň deri üçin peýdalary….

Saglygym baýlygym

2057164
Bägül suwunyň deri üçin peýdalary….

Bägül suwunyň peýdalary nämeler?

Deriniň ph kadasyny gorap, antiseptiki özbolyşlygy bilen düwürtigiň emele gelmeginiň öňüni alýandygy üçin sabynyň we ýüz arassalaýyjy serişdeleriň düzümine hem goşulýan bägül suwunyň peýdalary şulardan ybarat:

·        Derini çyglandyryp, guraklygyň we dartylmanyň öňüni alýar.

·        Deriniň gözeneklerini arassalaýar, ýaglanmany azaldyp, düwürtigiň emele gelmeginden goraýar.

·        Antioksident we anti-inflamatuar täsiri bilen ýaş sebäpli emele gelýän ýygyrtlary azaldýar.

·        Deridäki öli derini aýyryp, deri öýjükleriniň täzelenmegini üpjün edýär.

·        Kömelek we egzama sebäpli ýüze çykan gijilewügi azaldýar.

·        Gözüň aşagyndaky haltajyklar üçin peýdaly.

·        Düzümindäki e witamini çyglandyryjy täsire eýedir.

·        Gün ýanyklarynyň gowulanmagy üçin peýdaly.

·        Deriniň ph derejesini kadalaşdyrýar.

·        Ynjyk deriler üçin ulanmak maslahat berilýär.

·        Düzümindäki elementler saçy iýmitlendirip, güýçlendirýär.

Bägül suwunyň deri üçin peýdalary nämeler?

Bägül  suwunyň düzümindäki bägül ýapraklary deri üçin tebigy arassalaýyjydyr. Artykmaç ýagyň aýrylmagy, deriniň gyzarmagynyň bejergisi üçin peýdalydyr. Derini çyglandyrýar we derini rahatlandyrýar. Bägül suwy gülüň ýapragyndan taýýarlanýandygy üçin zyýanly täsiri ýokdur we deriniň ähli görnüşleri üçin ulanmak maslahat berilýär.

Bägüliň suwy şol bir wagtda-da salkynlandyryjy täsire eýe bolandygy üçin, köp derleýänler ýa-da gyzyl ýüzlüliler üçin elmydama ulanmak peýdalydyr.

1.     Çyglandyry özbolyşlyga eýedir.

Deriniň çyglylyk deňagramlylygyny gorap saklaýar. Düzümi tebigy bolandygy üçin ähli deri görnüşleri üçin peýdalydyr.

2.     Tonik özbolyşlygy bar

Bägüliň suwy deriňiz üçin ajaýyp tonikdir. Makýaždan soň we gije ýatmazdan öň bägül suwy bilen ýüzüňizi arassalamak deriniň has ýylmanak bolmagyny üpjün eder.

3.     Loson hökmünde peýdalanylýar

Ösümliň suwy şol bir wagtda-da loson hökmünde peýdalanylýar. Erkekler sakal syrandan soň deriniň zaýalanmagynyň öňüni almak üçin çalyp bilerler. Zenanlar himiki önümlerden öndürilýän makiýaž arassalaýyş losonynyň ýerine bägüliň suwundan peýdalanyp bilerler. Şeýlelikde derini arassalamak hem tebigy hem-de ykdysady taýdan arzan bolar.

4.     Göz çişmesini aýyrýar

Gözüň aşagynda emele gelýän çiş üçin peýdalydyr. Antiseptik özbolyşlygy arkaly ukusyz we ýadaw turan mahalyňyz gözüň aşagyndaky çişleri aýyrmak ýa-da azaltmak üçin peýdalanmak maslahat berilýär. Sowadyjydyda sowadyp, pagtany bägül suwyna batyryň we gözüňiziň aşagyna goýuň.

5.     Deri tegmilleri üçin peýdaly

Deriniň ph deňagramlygyny gorap, deriňizde emele gelen tegmilleriň aýrylmagy üçin peýdalydyr. Howa şertleri sebäpli derňizde üýşen toksinleriň zyňylymy üçin maslahat berilýär. Dykylan gözenekleri açyp, deriňizde ýylmanaklaşmagyny üpjün edýär.

6.     Çişi azaldýar

Bägül suwunyň anti-inflatatuar düzümi deri gyzarmasyny aýyrmak we çişiň öňüni almak üçin peýdalydyr.

7.     Derini täzeläp, çyglandyrýar

Bägüliň suwy deriniň dokumasyny täzelemek we deriniň öýjüklerini güýçlendirmek üçin gerek bolan antioksiden bolan j witamini özünde jemleýär.

8.     Ganyň aýlanyşyny çaltlandyrýar

Bägüliň suwy diňe bir çyglandyrmak üçin däl, şol bir wagtda-da deridäki ganyň aýlanyşyny hem çaltlandyrýar.

 

9.     Deride zaýalanan öýjükleriň bejerilmegini üpjün edýär

Bägül suwyndaky antioksident özbolyşlygy deri öýjükleriniň zaýalanmagynyň öňüni almak üçin peýdalydyr.

10.  Düwürtikleri aýyrmak üçin peýdaly

Bägüliň suwy gözenekleri açyp, düwürtikleri kiçeldýär we täze deri öýjüklerini jandarýar hem-de deridäki kir bilen ýagy arassalaýar.

11. Deri ýylmanaklaşdyrýar

Bägüliň suwy deriniň ph deňagramlylygyny dikeldip, üze adatdan daşary ýylmanaklyk berýän düwürtikleriň çykmagynyň öňüni alýar.

Bägüliň suwuny nähili peýdalanmaly?

Bägüliň suwy bilen ýüzi arassalamak iňňän ýeňildir. Arassa pagta bägüliň suwuny damdyryp, ýüzüňizi süpüriň. Ol derňizdäki artykmaç ýagy we kiri arassalar. Tebigy çyglandyryjy bolan bägül suwuny tonik hökmünde peýdalanmak, deriňizdäki dykylan gözenekleriň açylmagyny we düwürtikleriň çykmagynyň öňüni almagy üpjün eder.

Bägüliň suwuny saç üçin nähili ulanmaly?

Bägüliň suwundan saç üçin peýdalanan halatyňyzda, ony şampuna ýa-da saç kremine goşup bilersiňiz.



Degişli Habarlar