Bir polýarly dünýä düzgüni tamamlanýar: Haýsy ýurtlar has köp peýda görer?

Bilesigelijiniň Bellikleri

2044707
Bir polýarly dünýä düzgüni tamamlanýar: Haýsy ýurtlar has köp peýda görer?

Saud Arabystany, BAE, Efiopiýa, Eýran, Müsür, Argentina BRIKS-iň düzümine girjek täze 6 ýurtlar bolmak bilen birlikde, Hytaýyň töwereginde jemlenjek şol güýçleriň häzirki düzgüne garşy çykjakdygynyň görkezijisidir. Emma Türkiye ýaly ne Waşingtonyň, ne-de Pekiniň töwereginde jemlenmeýän we milli bähitlerine eýerýän döwletleriň bolsa şol düzgünden iň köp peýda görjek ülkeler boljakdygy çak edilýär.

Bilesigelijiniň Bellikleri atly gepleşigimiziň bu günki sanynda Bir polýarly dünýä düzgüni tamamlanýar: Haýsy ýurtlar has köp peýda görjekdiginiň üstünde durup geçmek isleýäris.

ABŞ-nyň öňbaşçylyk etmegindäki bir polýarly dünýä düzgüniniň keýpini görýän Günbatara garşy çykylýar.

Ençeme hünärmen ABŞ-nyň we Hytaýyň dünýäniň iki polýaryny emele getirýän bir dünýä düzgüniniň üstünde durup geçseler hem, şol iki döwletiň ýanynda durmaýan we milli bähbitlerini öň hatara goýan güýçler bar.

Türkiye, Saud Arabystany, Hindistan we Indoneziýa ýaly ýurtlary şol güýçlere mysal getirip bolar.

Gönüden hiç bir polýara goşulmaýan ýurtlaryň başynda Türkiye bar.

Türkiye eýýäm ençeme ýyl bäri öz bähbitlerine laýyk ýagdaýda syýasatlar durmuşa geçirip, ne Günbataryň ne-de beýleki ýurtlaryň şertsiz ýagdaýda tarapyny tutmaýar.

Russiýa-Ukraina urşunda eýelän akylly çemeleşmesi şonuň iň uly mysalydyr. Şwesiýanyň we Finlýandiýanyň NATO agzalygy babatynda Türkiyäniň eýelän pozisiýasy, Türkiyäniň öz bähbitlerine eýerýän garaşyz bir güýçdigini görkezýär.

Saud Arabystany we Hindistan hem mysal berilip bilinjek ýurtlaryň hataryndadyrlar.

Saud Arabystanynyň BRIKS-e agza bolmagy bolsa, däp bolan hyzmatdaşy ABŞ bilen barha artýan bähbit oňuşyksyzlygyny başyndan geçirýändigine bir mysaldyr.

Saud Arabystanynyň nebit üpjünçiligini üýtgetmek baradaky kararlarynyň iki ýurduň arasynda dartgynlyga sebäp bolýandygy mälimdir.

Saud Arabystany ABŞ-a garşy hereket meýdanyny giňeltmek üçin Hytaýa ýakynlaşmagy saýlaýar.

Ozaldan bäri BRIKS-iň agzasy bolan Hindistan bolsa Hytaýyň gegemoniýasyna girmekden çekinýär.

Hindistanyň Premýer ministri Narendar Modiniň Waşingtona we Pariže guran saparlary islendik şertde Hytaýyň ýanynda durmajakdygynyň görkezijisidir.

Hindistanyň dollaryň agdyklyk etmegini bes etmek üçin BRICS-iň umumy walýuta teklibini ret etmegi hem möhüm mysaldyr.

Ýewropa materigine Germaniýa alternatiwasy

Germaniýa hem polýarlaryň ikisinede goşulman, öz sebitleýin polýarlyyny emele getirmäge synanyşýan dalaşgär ýurtlaryň biridir. Ýewropa materiginiň iňlis-sakson döwletleriniň bähbitlerinden tapawutly maksatlarynyň bar bolmagy hem iň uly sebäplerdendir.  

ABŞ-nyň täsirinden çykyp, öz bähbitleriniň yzyndan eýerýän Ýewropa Bileleşiginiň täze bir sebitleýin polýarlygyny emele getirmek mümkinçilige eýedir. Onuň hem ýoly Germaniýanyň ýolbaşçylygynda sebitleýin bir polýarlygyň emele getirilmeginden başlaýar.

Täze düzgüne geçiş tapgyrynda ediljek ädimler möhüm

Öz sebitleýin polýarlygyny döretmek üçin ýeterlik derejede güýçli bolan döwletler we bileleşikler iň köp peýdany görjek mümkinçilige eýedirler. Onuň sebäbi bolsa deňagramlylyk syýasaty we taraplaryň biri-birine garşy goýmak arkaly görjek bähbitleridir.

ABŞ bilen Hytaýyň arasyndaky gatnaşyklaryň bäsdeşlik derejesinden duşmançylyga geçendigi bu ugry emele getirýär.

Täze dünýä düzgünine geçiş tapgyrynda emele gelen boşlugy gowy netijelendirjek ýurtlar, 21-nji asyryň beýgelýän ýyldyzlary bolarlar.

Habar Çeşmesi: TRT Habar.

Bilesigelijiniň Bellikleri atly gepleşigimiziň bu günki sanynda Bir polýarly dünýä düzgüni tamamlanýar: Haýsy ýurtlar has köp peýda görjekdiginiň üstünde durup geçdik.



Degişli Habarlar