Ähmiýet berilmeýän epidemiýa: Sanly demensiýa

Bilesigelijiniň Bellikleri

2005965
Ähmiýet berilmeýän epidemiýa: Sanly demensiýa

Sanly ulgamy gündelik durmuşymyza kabul edenimizden bäri ýatdan çykaraganlyk ýaşlyk ýyllardan başlap tiz depginler bilen ýaýbaňlanýar. Germaniýaly neýrobiolog şol ýagdaýy sanly demensiýa diýip atlandyrýar. Sanly demensiýa kimlere howp salýar?

Bilesigelijiniň Bellikleri atly hepdelik tapgyrlaýyn gepleşigimiziň bu günki sanynda Ähmiýet berilmeýän epidemiýa: Sanly demensiýa atly temanyň üstünde durup geçeris.

Soňky ýyllarda sanly dünýäniň ele salan bir ulgamda ýaşaýarys we gündelik durmuşymyzdaky ençeme zady amala aşyrmak üçin tehnologiýadan giňden peýdalanýarys.

Şol ýagdaý bolsa öz ýany bilen ençeme jedelleşigi getirýär. Şolaryň biri hem elektron enjamlaryň şahsy ukyplarymyza täsir ýetirip-ýetirmeýändigi bilen baglydyr.

Sanly demensiýa, demensiýa keseli ýagny halk tarapyndan küteklik diýip bilinýän ýagdaý bilen nähili derejede arabaglanşyklydyr?

“Sanly Demensiýa şu asyryň ähmiýet berilmeýän epidemiýasydyr”

Üsküdar uniwersitetiniň Newrologiýa hünärmeni Jelal Şalçini sanly demensiýany häzirki günüň pandemiýasy hökmünde häsýetlendirip: “Esasan hem Kowid-19 epidemiýasy bizi öýe tussag edip, tehnologiýa bilen aragatnaşygymyzyň artmagyna iterdi. Üýtgeýän dünýäde bilim we onlaýn iş mümkinçilikleri köpeldi. Mundan başgada soňky wagtlarda emeli intellektiň çalt depginler bilen artmagy, tehnologiýa bolan garaşlylygymyzy artdyrýar we sanly demensiýa epidemiýasynyň täsirini tizleşdirýär. Sanly demensiýa şu asyryň ähmiýet berilmeýän epidemiýasydyr we ol bolsa geljek nesillerimize täsir ýetirýär” diýip habar berdi.

“Biziň ählimiz sanly kütekligiň täsiri astyndadyrys”

Jelal Şalçini: “Şu günki gün biziň ählimiz adaty gündelik işlerimizi hem tamamlap bilmejek derejede ünsümiziň bölünýän sanly kütekligiň täsiri astyndadyrys” diýip belleýär.

Jelal Şalçini Sanly demensiýa bilen küteklik keselini deňeşdirip, kütekligiň beýniniň fiziologiki gurluşynyň kiçelmegi bilen başdan geçirilýändigini aýdýar. Ýagny aslyna garanyňda ýaşuly adamlarda gabat gelýän küteklik keseliniň täsiri, edil sanly demensiýanyň täsiri bilen bir meňzeş däl.

Jelal Şalçini: “Alsgeýmer keseli başda bolmak bilen küteklik bilen baglanşykly keseller, ýaş bilen birlikde artýar, sanly demensiýa bolsa özgerýän beýnileri bolan çagalarada täsir ýetirip bilýär. Elektron enjamlaryň ýaşlar tarapyndan aşa köp ulanylmagy, lukmanlar we psihologlar tarapyndan artýan alada dörediji ýagdaýlaryň gözbaşydyr. Sosial izolýasiýa, hereketiň azlygy, gahar-gazap, gysga möhletlik ýadyň ýitmegi, şahsy ösüşleriň yza galmagy sanly demensiýanyň alamatlarynyň käbirleridir” diýip habar berdi.

Sanly demansiýa bolmazlyk üçin nämeler edilmeli?

Jelal Şalçininiň bu ugurdaky maslahatlary: “Geljek nesillere tehnologiýa netijeli ýagdaýda ulanmak öwredilmelidir. Işler neşir edilen materiallary okamagy, okaýan materiallara düşünmegi artdyrýandygyny görkezýär. Şol sebäpli okamak üçin planşetleriň we öýjükli telefonlaryň ýerine žurnal, komiks, gazet ýaly çap edilen materiallaryň has köp isleg bildirilmegi üçin höweslendirilmeli” diýip belledi.

Üýtgeşme biz bilen başlar

Beýnini işjeň we saglykly ýagdaýda saklamak üçin oýun oýnamak we maşk etmek örän ähmiýetlidir.Jelal Şalçini beýnimize gowy garamak üçin oýnaljak oýunlary sanap geçýär: “Açyk howada sport türgenleşikleri meseleleri çözmäge ýardamjy bolýar. Çagalaryň tehnologiki enjamlarda diňe ünsüňi artdyrýan we reaksiýa esasly oýunlaryň ýerine bolmanda  pikir etmäge we meseleleri çözmäge rugsat berýän küşt, skrabble, pazl ýaly oýunlary oýnamaklary höweslendirilmelidir. Mundan başgada çagalar öz ene-atalarynyň aýnasydyr, eşidýänlerini däl, eýsem görýänlerini edýärler. Üýtgeşme biz bilen başlar” diýip habar berdi.

Bilesigelijiniň Bellikleri atly hepdelik tapgyrlaýyn gepleşigimiziň bu günki sanynda Ähmiýet berilmeýän epidemiýa: Sanly demensiýa atly temanyň üstünde durup geçdik.



Degişli Habarlar