Emeli intellekt ýakyn wagtda düýşlerimizi bellige almaga başlap biler

Bilesigelijiniň Bellikleri

1968430
Emeli intellekt ýakyn wagtda düýşlerimizi bellige almaga başlap biler

Hünärmenler bir düýş görenimizden soň 50 göterimini ýatdan çykarýandygymyzy we 10 minut soň 90 göteriminiň akylda ýitip gidýändigini belleýärler. Emma emeli intellektiň düýşlerimizi bellige almaga başlamagy bilen şol ýagdaý ýakyn wagtda üýtgäp biler.

TRT TSR-nyň hormatly diňleýjileri, Bilesigelijiniň bellikler atly gepleşigimiziň bu günki sanynda, Emeli intellekt ýakyn wagtda düýşlerimizi bellige almaga başlap biler atly temanyň üstünde durup geçeris.

Emeli intellekt indi beýnini okap bilýär we bir adamyň görýän zatlaryna gaty meňzeş şekilleri öndürip bilýär.

Şol tehnologiýa haýwanyň tapawutly görnüşleriniň töweregini nähili kabul edýändiklerine gözegçilik etmek we ysmaz adamlaryň aragatnaşyk saklamaklaryna kömek bermek ýaly biri-birinden tapawutly amaly gollanmalara eýedir.

Ozal ençeme laboratoriýa beýnini seljermegiň usullary bilen şekilleri täzeden emele getirmek üçin emeli intellekt ulanypdy.

Emma täze bir usul bir nemes topary tarapyndan özgerdilen we 2022-nji ýylda bazara çykarylan Stable Diffusion atly bir algoritmi ulanan ilkinji goşundy boldy.

Algoritm tekstden şekil döredýän emeli intellektlere meňzeş beýni nusgalaryny müňlerçe surat bilen baglanyşdyrmak üçin goşmaça tekst beýannamalary ulanylyp özgerdildi.

Beýleki algoritmleriň tersine Stable Diffusiona has az tälim berilýär we ol hem ony beýnini aýdyňlaşdyrmak üçin täzeçil bir usul ýagdaýyna öwürýär.

Osaka uniwersitetinden ulgam neýrobiologçy bolan Ýu Takagim emeli intellekt algoritminiň şekilleri emele getirmek üçin beýniniň tapawutly ýerlerinden gelýän beýni işjeňliginiň maglumatlaryny ulanýandygyny mälim etdi.

Algoritm beýniň işjeň zolaklaryna gan akymynyň üýtgemelerini ýüze çykarýan funksional magnit-rezonans tomografiýasy beýni seljermelerinden alynan maglumatlary teswirleýär.

Beýniniň temporal we oksipital bölekleri, adam göreninde onuň şekli barada dürli maglumatlary bellige alýar.

Emeli intellekt ulgamy gatnaşyjylardan alynan beýni seljermelerinde synagdan geçirildi, emma beýleki adamlara çenli giňeldilmegi, ulgamyň ýaňadandan taýarlanmagyny zerur ýagdaýa getirýär.

Hünärmenler tehnologiýanyň kognitiw neýrobiologiýa derňewleri üçin täze mümkinçiliklere eltip biljekdigini we hyýaly pikirleriň we düýşleriň öňüni almak üçin ulanylyp bilinjekdigini belleýärler. 

TRT TSR-nyň hormatly diňleýjileri, Bilesigelijiniň bellikler atly gepleşigimiziň bu günki sanynda, Hünärmenler bir düýş görenimizden soň 50 göterimini ýatdan çykarýandygymyzy we 10 minut soň 90 göteriminiň akylda ýitip gidýändigini belleýärler. Emma emeli intellektiň düýşlerimizi bellige almaga başlamagy bilen şol ýagdaý ýakyn wagtda üýtgäp biler temanyň üstünde durup geçdik.

Çeşme: TRT Haber



Degişli Habarlar