Sosial mediany köp ulanmak adamlarda ýalňyzlyk duýgusyny artdyrýar

Bilesigelijiniň Bellikleri

1945452
Sosial mediany köp ulanmak adamlarda ýalňyzlyk duýgusyny artdyrýar

Sosial mediýa aň-düşnjeli ulanylan halatynda köp sanda mümkinçilik hödürleýär. Emma sosial mediýa köp ulanylan halatynda ýany bilen käbir kemçilikleri getirýär. Şolaryň biri hem sosial medianyň ulanyjylary ýalňyzlyga eltmegidir. 

Eziz ildeşler Bilesigelijiniň bellikleri atly gepleşigimiziň bu günki sanynda Sosial mediany köp ulanmak adamlarda ýalňyzlyk duýgusyny artdyrýar atly temanyň üstünde durup geçmekçi.

Wirtual gurşawdaky köp sandaky eýerijileriň sanawy, adamlarda hakyky durmuşda hem köp adamly bir çarçuwa eýe bolmak duýgusyny döredýär. Emma hakykat köplenç tersine bolýar. Hatda sosial mediýany işjeň häsýetde ulanýanlar has ýalňyz we üzňe durmuşa çekilýärler.

Gatnaşyk etmek, halanmak, durmuşyňyzdaky möhüm pursatlary paýlaşmak. Sosial mediýa häzirki wagtda adamlaryň ýüz öwürmesiz  bir endigi bolmagynda galýar. Hatda ol garaşlylygyň bir görnüşidir. Her gün dünýäde millionlarça adam sosial mediýanyň saýasynda beýleki adamlar bilen gatnaşyk saklaýar.

Sosial mediýa aň-düşnjeli ulanylan halatynda köp sanda mümkinçilik hödürleýär. Emma sosial mediýa köp ulanylan halatynda ýany bilen käbir kemçilikleri getirýär. Şolaryň biri hem sosial medianyň ulanyjylary ýalňyzlyga eltmegi. 

Sosial mediýada her gün ýüzlerçe adam bilen gatnaşyk saklansada näme sebäpli ýalňyzlyk duýgusy artýar?

Ýalňyz we üzňe duýmaga sebäp bolýar

Eýerijileriniň sanawy uly bolsada diňe wirtual gurşawda dost edinilýändigi üçin hakyky durmuşdakydan has köp adama ýetilýär. Emma şoňa garamazdan ol aldawyň bir görnüşi hökmünde düşündirilýär. Hünärmen kliniki psiholog Jemre Eje Gökpynaryň pikirine görä: “Aslyna garanyňda az adam bilen gatnaşyk saklamagymyza, ýagny hakyky durmuşdan uzaklaşyp, ol ýerde tassyklanmaga, halanmaga we paýlaşmak mätäçliklerine ugrukmagymyza sebäp döredýär”.

“Menden başga hemmeler örän gowy ýaşaýar”

Jemre Eje Gökpynaryň pikirine görä Sosial mediýa ulanyjylarynyň ýene-de bir ýalňyşlygy bolsa: “Menden başga her kim örän gowy ýaşaýar” düşünjesidir. Jemre Eje Gökpynar ony esasan hem ýetginjek ýaşlardaky adamlarda hasaba alynýandygyny habar berýär. Jemre Eje Gökpynar: “Sosial mediýa platformalarynda paýlaşýanlarymyz, şonsyz hem adamlaryň görüp halamaklary islenýän zatlardyr. Sosial mediýany ulanýan adamlar elbetde iň owadan, kemçiliksiz, iň gowy ýagdaýlaryny paýlaşýandyklary üçin adamlarda, esasan hem ýetginjeklerde menden başga her kim örän gowy ýaşaýar düşünjesini döredýär” diýip mälim etdi.

Sosial mediýa jogapkärçilikli ulanylmaly

Sosial mediýa indi döwrebap dünýäniň aýrylmaz bir bölegine öwrüldi. Durmuşymyza bular ýaly täsir ýetirýän sosial mediýa sebäpli ýalňyzlyga sezewar bolmazlyk üçin bir ýol barmy? “Onuň üçin sosial mediýany jogapkärçilikli ulanmak gerek” diýip aýdan Gökpynar: “Aslyna garanyňda sosial mediýanyň örän peýdaly we hakykatdan hem adamlar üçin ýaramly köp ugry bar. Elbetde paýlaşmak, halanmak, tassyklanmak zerurlyklaryny kanagatlandyrýar. Emma şol platformalarda adamlar öz düşünjelerini belli bir derejede saklamaly. Ýagny ulanyjylar beýleki adamlar has meşhur, has işjeň görünen halatynda, özi şolar ýaly görünmeýän bolsa, onuň diňe özüniň aň-düşünjesinde döreden bir gurşawydygyny bilmelidirler. Şol sebäpli sosial mediýany esasan hem enjam hökmünde ulanmak gerek. Ony bir maksada öwürmek dogry däldir” diýip habar berdi.

Eziz Ildeşler. Bilesigelijiniň bellikleri atly gepleşigimiziň bu günki sanynda Sosial mediany köp ulanmak adamlarda ýalňyzlyk duýgusyny artdyrýar atly temanyň üstünde durup geçdik.



Degişli Habarlar