Milas we Zeýtunçylyk

Giňdir dünýe, geňdir Dünýe

1938782
Milas we Zeýtunçylyk

Türkiýäniň günorta-günbatarynda ýerleşýän Milas etrabynda zeýtunçylygyň adamzat taryhy ýaly gadymydygyny bilýäňizmi?

Günorta-günbatar Anadoluda Mugla welaýatynyň Milas etraby, Ortaýer deňizi klimatynyň ösümlik gatlagy bilen örtülen we şol ösümlik gatlagynyň iň esasy agaçlaryndan biri hem zeýtundyr. Milas diýlende ýada, taryh we zeýtun düşýär. Egeý sebitiniň we Türkiýäniň esasy zeýtun önümçilik merkezlerinden biri bolan Milasda, ýaşaýyşyň anyklanan taryhdan ozalky döwürde-de zeýtun agaçlarynyň bardygy ýüze çykaryldy. Zeýtunçylyk iň irki döwürlerden biziň günlerimize çenli Milasda esasy güzeran görme kärlerinden biri bolupdyr.

Taryhyň irki döwürlerinde basyp alyjylar tarapyndan ýumrulan şäheriň zeýtunlyk meýdanlaryna hem söweşlerde uly zeper ýetipdir. Etrapdaky zeýtun agaçlary taryhda şeýle uly ýitgi çekmedik bolsady, Milasda häzirkisinden 2-3 esse köp zeýtun agajynyň boljakdygy öňe sürülýär. Sebitde tebigy görnüşde ösýän we ýerli halk tarapyndan “dälije” diýilýän zeýtun agaçlary adamlar tarapyndan sapylyp, önüm alynmaga başlanypdyr. Sapylan zeýtunlar daglarda, depelerde zeýtunlyga öwrülýär ýa-da ekin meýdanlaryna getirilip, zeýtunlyk döredilýär. Şol däp, adamzat taryhy boýunja dowam edip gelýär.

Milas zeýtunlyklarynda iň giňden ýaýran görnüş “Mämejikdir”. Zeýtunlyklar umuman daglyk ýerlerde, eňňitlerde we boz ýerlerde ýerleşýändigi üçin suwarylmagy mümkin bolmaýar. Şol sebäpli zeýtunlar bişýänçä ýagynyň suwy ýa-da köküniň ýetýän ýerasty suwlaryndan beslenýär. Ol hem zeýtunlaryň düzümindäki aşgary azaldyp, tagamyny süýjedýär. Milasyň zeýtun ýagynyň meşhurlygy hem “Mämejik” görnüşli zeýtundan öndürilmeginden gelip çykýar.


Etiketkalar: #daglyk sebit , #zeýtun , #Milas

Degişli Habarlar