Sosial mediany köp ulanmak adamlarda ýalňyzlyk duýgusyny artdyrýar

Bilesigelijiniň Bellikleri

1919899
Sosial mediany köp ulanmak adamlarda ýalňyzlyk duýgusyny artdyrýar

Psihofarmakologiýa jemgyýetiniň başlygy Kemal Saýar, esasan hem epidemiýadan soň sosial media we adamlaryň kompýuter oýunlaryna bolan garaşlylygynyň artandygyny belläp, sosial medianyň adamlarda ýalňyzlyk duýgusyny artdyrýandygyny, onuň bolsa depressiýa sebäp bolup biljekdigini habar berdi.

HD. “Bilesigilijiniň Bellikleri” atly gepleşigimiziň şu günki bölüminde bolsa “Sosial mediany köp ulanmak adamlarda ýalňyzlyk duýgusyny artdyrýar” atly temanyň üstünde durup geçmek isleýäris.

Marmara uniwersitediniň Lukmançylyk fakultediniň Psihiatriýa kafedrasynyň mugallymy Prof.Dr. Kemal Saýar maşgalasynda genetiki  näsazlyk bolanlaryň, çagalyk döwründe şikes ýetenleriň, stakanyň boş tarapyna seredýän adamlaryň depressiýa howpuna sezewar galýandygyny habar berdi.

Sosial media bolan garaşlylygyň hem depressiýa sebäp bolup biljekdigini aýdan Kemal Saýar: “Sosial mediany köp ulanmak adamlarda ýalňyzlyk duýgusyny artdyrýar. Sosial mediada özümizi köşeşdirýändigimizi pikir edýäris. Emma ol ýerdäkileriň hakyky bir dostluk bolmandygyna kyn wagtlary başymyzdan geçirýän mahallarymyz göz ýetirýäris. Sosial media adamlarda narsissizmi artdyrýar. Ählimiz halanmak we alkyşlanmak isleýäris. Ol bolsa adamlary geň galdyryjy aýlawa sokýar. Has köp takdyr edilmek üçin sosial mediada has köp wagt geçirýäris. Has köp wagt geçiren mahalyňyz bolsa adamlardan has hem uzaklaşýarsyňyz. Onuň netijesinde bolsa adamlar depressiýa girip bilýär. Sosial media garaşlylygyň adamlary depressiýa sokýandygy barada biri-birinden tapawutly makalalar bar” diýip belledi.

Kemal Saýar esasan hem epidemiýadan soň sosial media we adamlaryň kompýuter oýunlaryna bolan garaşlylygynyň artandygyny belläp, çagalary ekranlaryň başyndan zor bilen aýyrýandyklaryny aýan etdi.

Sosial mediany dogry ulanmagyň gerekdigini aýdan Kemal Saýar: “Biz akylly enjamlaryň oýunjagy bolmalyň, olary gözegçilikde saklamagy bileliň. Olar biziň oýunjagymyz bolsun, gözegçilik we ygtyýar bizde bolsun” diýip habar berdi.

Täze Bejergi Usullary özgerdilýär

Depressiýanyň bejergisi üçin täze usullaryň oýlanyp tapylýandygyny aýdan Kemal Saýar: “Depressiýanyň bejergisi üçin eýýäm ençeme wagt bäri täze bir ylmy açyş amala aşyrylmandy. Häzirki wagtda bolsa birnäçe bejergi usuly özgerdildi” diýip habar berdi.

Kemal Saýar täsirli derman bejergisi we psihoterapiýa usullary bilen depressiýanyň bejergisinde üstünlikli netijeler alýandyklaryny belläp, iki aýry bejerginiň bir wagtda ulanylmagynyň bolsa has hem täsirlidigini beýan etdi.

Biynjalyk bolýan adamlaryň hassahanalara, psihiatrlara ýüz tutup biljekdigini aýdan Kemal Saýar: “Bular ýaly görnüşli biynjalyklygy bolan adamlar üçin aň-düşünje arassalygy ýa-da maşgala sintaksis bejergisi ýaly täsiri ylmy taýdan subut edilmedik usullaryň ýerine, bejergileri subut edilen psihoterapiýa usullaryna we bioligiki bejergilere ugrukdyrylsa has peýdaly bolar” diýip mälim etdi.



Degişli Habarlar