Izmir Kumrusu

Türkiyäniň Özboluşly Önümleri

1899410
Izmir Kumrusu

Türkiýäniň iň uly 3-nji, Egeý sebitiniň bolsa iň uly şäheri bolan Izmir şäheri, özüne mahsus bolan tagamlary bilen öň hatara çykan şäherleriň biridir.

Izmiriň Söwda palatasynyň ýüz tutmagy netijesinde 2017-nji ýylda Türkiýäniň geografiki taýdan hasaba alynan önümleriniň arasyna goşulan Izmir Kumrusu hem şolaryň biridir.

Izmir Kumrusu ýerli ilatyň Gewrek diýip atlandyrýan simidiň el ululygyndaky çöreginiň sendwiç görnüşine aýdylýar.

Çörek orta bölegi has giň we gyralaryna tarap inçelýän şekli bilen guşuň göwresine meňzedilýändigi üçin şol at bilen atlandyrylypdyr.

Nohut hamyry ulanylyp ýasalýan künjili kumry çöreginiň içine, Izmir tulum peýniri, pomidor we ýaşyl burç goýulýar.

Günüň dowamynda sarp edilýän Izmir Kumrusu tagamy, sebitdäki syýahatçylyk merkezleriniň hem täsiri bilen kömür grilinde bişirilen kakadylan şöhlat, gaýnadylan şöhlat, kaseri peýniri we pomidor goýulyp, gyzgyn görnüşde hödür-kerem edilen tagamlaryň birine öwrüldi.



Degişli Habarlar