Türkiýe-Gazagystan Gatnaşyklarynda Täze Sepgitler

Ýewraziýa Syn

1830992
Türkiýe-Gazagystan Gatnaşyklarynda Täze Sepgitler
kazak-türk tokayev.jpg
tokayev millet kutuphanesi.jpg
tokayev millet kutuphanesi.jpg
tokayev-kutuphane-1.jpg
Erdoğan Tokayev Ankarada Kazakistan1.jpg
Erdoğan Tokayev Ankarada Kazakistan6.jpg
erdoğan Tokayev Ankarada Kazakistan5.jpg
Erdoğan Tokayev Masa Tenisi 2.jpg
Erdoğan Tokayev Masa Tenisi 1.jpg

Hepdelik tapgyrlaýyn gepleşigimiziň nobatdaky sanynda Gazagystanyň Prezidenti Kassym-Jomart Tokaýewiň Türkiýe Respublikasyna guran saparyna ser salmakçy.

Gazagystanyň Prezidenti Kassym-Jomart Tokaýew 2022-nji ýylyň 10-11-nji maýy aralygynda Türkiýä ilkinji döwlet saparyny gurady. Gazagystanyň wekiliýeti Ankarada ilki bilen Atatürkiň aramgähini zyýarat etdi. Soň Türkiýäniň Prezidenti R.T.Erdogan Prezident Tokaýewi Prezidentiň kompleksinde resmi dabara bilen garşylady. Dabaradan soň prezidentler özara duşuşyk geçirdiler. Duşuşyklar giňeldilen formatda dowam etdi. Duşuşyklardan soň Türkiýe bilen Gazagystanyň arasynda 15 ylalaşyga gol goýuldy. Prezidentler iki ýurduň arasynda Ýokary Strategik ýaranlyk hakyndaky bilelikdäki jarnama gol çelişdiler. Şeýlelikde Türkiýe bilen Gazagystanyň arasyndaky gatnaşyklar “Ýokary strategik ýaranlyk” derejesine göterildi. Beştepedäki Millet kitaphasyna baryp gören Tokaýew, kitaphana ençeme kitap sowgat etdi.

Prezident Tokaýew 11-nji maýda türk işewürleri bilen duşuşdy. Duşuşyga Türkiýäniň Prezidentiniň orunbasary Fuat Oktaý gatnaşdy. Tokaýew ol ýerde sözlän sözünde pandemiýanyň dowamynda-da Gazagystandaky türk maýa goýumynyň azalmandygyny, häzirki wagtda 4 müňe barabar bolan türk maýaly firmanyň iş alyp barýandygyny, Gazagystanda gelejek aý geçiriljek Konstitutsiýa referendumyndan soň maýadarlar üçin has amatly şertleriň dörediljekdigini beýan etdi. Prezident Tokaýew käbir türk firmalarynyň ýolbaşçylary bilen özara duşuşyklar geçirdi. Saparyň dowamynda 1 milliard dollarlyk şertnama gol çekişildi.

Prezident Tokaýewiň Ankara sapary birnäçe jähtden möhüm. Ilki bilen saparyň çäginde Türk awiasiýa we kosmos senagaty guramasy bilen Gazagystan Inženering firmasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky ylalaşyga gol çelişildi. Ylalaşyga laýyklykda uçarmansyz howa ulagy “ANKA” Gazagystanda öndüriler. Şeýlelikde Gazagystan “ANKA-nyň” Türkiýeden daşgary ilkinji önümçilik merkezi bolar. Goranyş pudagynda, maglumat alyşmak boýunça Ankarada gol çekişilen ylalaşyklar sebitleýin deňagramlygyň goralmagy we Gazagystanyň howpsuzlygy taýdan iňňän möhüm.

2022-nji ýylyň 13-nji maýyndan başlap iki ýurduň arasyndaky uçar gatnawy iki esse artdyryldy. Iki ýurduň arasynda hepdede 124 uçar sapary amala aşyrylar. Saparyň dowamynda gazanylan ylalaşyga laýyklykda Gazagystan Türkiýe üçin üstaşyr geçiş rugsadynyň gwotasyny 2 müňden 15 müňe göterdi. Günbataryň Russiýadan daşgary geçelgelere ýönelen döwründe Türkiýe we Gazagystan esasy üsaşyr geçiş ýurtlary hökmünde möhüm hyzmatdaşlygy ösdürýärler.

Prezidentler 5 milliard dollara barabar bolan söwda mukdaryny 10 milliard dollara ýetirmek üçin maksat goýdular. Özara gatnaşyklaryň dinamikasy şol maksada ýetmek üçin şert döredýär. Mälim bolşy ýaly Türkiýe Gazagystanyň söwda taýdan bäşinji hyzmatdaşy.

Jemläp aýdanymyzda Prezident Tokaýewiň Türkiýä sapary iňňän netijeli geçdi. Goranyş, howpsuzlyk, ykdysadyýet, täzelikçi tehnologiýalar, ulaglar pudaklarynda möhüm ylalaşyklara gol çekişildi. Türk-gazak hyzmatdaşlygynyň ösmegi türk dünýäsiniň hasam güýçlenmegine goşant goşar.



Degişli Habarlar