Dyz agyrysyna tebigy çözgütleri

Saglygym Baýlygym

1794690
Dyz agyrysyna tebigy çözgütleri

 

Tapgyrlaýyn gepleşigimiziň nobatdaky sanynda Dyz agyrysyna tebigy çözgütlerihakynda söhbet etmekçi.

Dyz agyrysy üçin tebigy çözgütler şulardan ybarat:

Sowuk terapeýa

Esasanda duýdansyz urulmak, ýykylmak sebäpli başlaýan dyz agyrysy bar bolsa, agyrýan ýere sowuk suw, buz goýup, agyryny azaldyp bilersiňiz. Onuň üçin bolsa sowadyjynyň doňduryjy bölüminden birnäçe bölek buzy pakediň içine goýup, daşyna arassaja mata orap, agyrýan ýeriňize goýmak maslahat berilýär.

 

Bamiýanyň tohumy

Bamiýanyň tohumy süňk, myşsa we bogunlaryň sagdynlygy üçin peýdalydyr. Esasanda dyzlarda emele gelýän suwklyk azalmasy sebäpli ýüze çykýan dyz agyrysy üçin bamiýa tohumynyň çaýyny içmek maslahat berilýär. Yzgiderli häsýetde içilende dyz agyrysyny ýeňledýän şol çaý, 2 hepde içilmeli we bir hepde ara kesme berilmeli. Soň ýene-de dowam etmegi ýatdan çykarmaň.

Bamiýanyň tohumyny köfe üweleýän ýaly üwäp, gaýnan suwda köfe demleýän ýaly demläň.

Başga bir usul bolsa, agşam bir käse suwa 9-10 sany bamiýa tohumyny salyp, ertire çenli goýuň. Ertir şol suwy içmek maslahat berilýär.

Şeýle-de 9-10 sany bamiýa tohumy üwäp, 1 nahar çemçesi baş we 1 datly çemçesi zeýtun ýagyny goşuň. Taýýarlan ergininizi günde 1 çaý çemçesi iýiň. Bir hepde kadaly dowam edip, bir hepde arakesme beriň we ýene-de dowam ediň.

Zenjebil we zenjebil ýagy

Eger-de dyz agyrysynyň sebäbi iriňleme bolsa, zenjebil ýagy bilen agyryny azaltmak mümkin. Dyz gapyrjagyna we töweregine birnäçe damja zenjebil ýagyny damdyryň we ony owup, siňdiriň. Ýagyň peýdasyny duýmaga başlaýançaňyz owmak maslahat berilýär.

Zerdeçal we zerdeçal ýagy

Agyrýan ýere zerdeçal ýagyny çalmak maslahat berilýär. Aýratynam günde bir datly çemçesi zerdeçal tohumyny bir käse gatyga goşuň iýmek peýdaly bolar.

 

Çynar agajynyň ýapragy

Esasanda duzlanma we guryagyra peýdaly bolan çynar agajynyň ýapragyndan peýdalanmak üçin ony, çaý ýaly demläň. Goýy reňkli gaýnan suwy sowadyp, agyrýan ýeriňize çalyň.

 

Çynar ýapragynyň çaýy

1 käse suwy gaýnadyň. Soň üstüne 1-1,5 nahar çemçesi guradylyp, üwelen çynar ýapragyny goşuň we 10 minut demläň. Soň bolsa süzüp içip bilersiňiz.

 

Alma sirkesi-zeýtun ýagy

Dyz agyrysyna alma sirkesi bilen zeýtun ýagyny garyp çalmak iňňän peýdalydyr. Taýýarlan ergininizi dyzyňyza owup çalyň we onuň siňmegine garaşyň.

Dyzyňyz agyran mahaly bir datly organiki alma sirkeli bir käse suw içmek maslahat berilýär.

 

Ajyhurş ýagy

Ajyhurş ýağyndan birnäçe damjany dyzyňyza damdyryň we ony owup siňdiriň.

 

Seldereýli gatyk

Bedende peşew kislotasynyň mukdarynyň ýokarlamagy dyzyň agyrmagyna sebäp bolup bilýär. Şeýle bolanda seldereýli gatyk iýmek maslahat berilýär.

İtburny çaýy

Itburny çaýynyň agyryny aýyryjy özbolyşlygy bardyr. Dyzyňyz agyrýan mahaly bir çaşka itburny çaýyny içmek sizi rahatlandyrar.

 

Kokos ýagy

Peýdaly we şypaly ýagyň dyz kekirdewüklerini rahatlandyrma, bogunlardaky agyryny aýyrma özbolyşlygy bardyr. Düzümindäki witaminler agyrynyň azalmagyna peýdalydyr.

 

Narpyz ýagy

Dyz kekirdewükleriňize narpyz ýagyny çalmak, ony birnäçe sekundyň dowamynda rahatlandyrar.


Etiketkalar: #zenjebil , #tohum , #dyz agyry

Degişli Habarlar