Russiýa-Günbatar Gatnaşyklary

Ýewraziýa Syn

1752766
Russiýa-Günbatar Gatnaşyklary

Tapgyrlaýyn gepleşigimiziň nobatdaky sanynda soňky döwürdäki Russiýa-Günbatar gatnaşyklary hakynda durup geçmek isleýäris.

Russiýanyň Prezidentiniň maglumatlaryň howpsuzlygy boýunça halkara hyzmatdaşlygyndan jogapkär şahsy wekili we şol bir wagtda-da Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň Maglumatlaryň halkara howpsuzlygy düzüminiň Başlygy Andreý Krutskih 2021-nji ýylyň 16-njy dekabrynda “Söweş bar we iňňän aldym-berdimli dowam edýär. Aslyna garalanda kiber giňişlikde söweş hakykatdan hem doly dowam edýär. Media onuň Üçünji Jahan Urşudygyny beýan etmekde mamla. Häzirki wagtda mesele bu söweşiň netijesinde kimiň ýeňiljekdigini ýa-da kimiň ýeňjekdigini kesgitlemek” diýipdi.

Hakykatdan hem soňky döwürde Russiýa bilen günbataryň gatnaşyklarynda dartgynlyk möwjeýär. Noýabr aýynda Ukraina Russiýanyň gyş aýlarynda özüne hüjüm etmäge taýýarlyk görýändigini beýan etdi. Soň NATO “Biz Ukrainanyň arkasynda”, günbatar ýurtlary “Russiýa deňi-taýy görülmedik sanksiýalar goýarys” diýlen beýanatlary berdi. Noýabr aýynda ÝB-niň “Wagner” toparyna sanksiýa goýandygy habar berildi. Ukrainanyň Parlamenti daşary ýurt harby personalynyň 2022-nji ýylda ýurda gelmegi hakyndaky kanuny tassyklady. Diplomatlary iki taraply häsýetde islenmeýän adam yglan etme aksiýasy dowam edýär. Soňky gezek üstümizdäki aýyň 15-de Germaniýa iki rus diplomatynyň ýurtdan çykmagyny isledi. 17-nji dekabrda Ýewropa Parlamenti Russiýany Ukraina serhedinden harby güýçlerini yza çekmäge çagyrdy.

Russiýa günbataryň bu göçümlerine garşy NATO-nyň özüni gurşaw astyna almagy bes etmelidigini, kesgitli şertler bozulan halatynda netijäniň agyr boljakdygyny beýan edýär. Russiýa “NATO-nyň gündogara tarap giňelmejekdigi boýunça kepillik” isleýär. NATO-nyň baş Sekretary Ýens Stoltenberg bolsa NATO-nyň giňelmäge dowam etjekdigini beýan etdi. ABŞ-dan soň Russiýa hem 18-nji dekabrdan başlap Açyk Asmanlar Ylalaşygyndan çekilendigini habar berdi.

Meseläniň çözülmegi üçin diplomatik tagallalaryň depgini güýçlendi. 2021-nji ýylyň 7-nji dekabrynda Wladimir Putin we Jo Baýden wideo aragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşdylar. Russiýa duşuşykdan soň özüne abanýan howplar boýunça howpsuzlyk kepillikleri boýunça teklipleri amerikaly resmilere ýetirdi. Putin 13-ndi dekabrda Britaniýanyň Premýer-ministri, 14-nji dekabrda Fransiýanyň we Finlandiýanyň Prezidentleri bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi. 17-nji dekabrda bolsa Rim papasy bilen Putin arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Wladimir Putin 15-nji dekabrda Si Szinpin bilen wideo aragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşdy. Duşuşykda Putin günbatar tarapyndan diplomatik boýkot yglan edilen Pekindäki gyşky olimpiýýa oýunlaryna gitjekdigini beýan etdi. Russiýa we Hytaý günbataryň basyşlaryna garamazdan bilelikde göreşmekde ylalaşdylar.

20-nji asyrda başdan geçirilen Sowuk uruş Russiýa bilen günbataryň çekeleşigi sebäpli başlapdy. Häziri wagtda-da şeýle ýagdaý başdan geçirilýär. Russiýa we günbatar Gündogar Ýewropada hem-de Kawkazda çekeleşýär. Bir tarapda Russiýa we Hytaý, beýleki tarapda ABŞ we ýaranlary global syýasatyň ugruny kesgitlemek üçin birek-birege garşy göçüm üstüne göçüm edýärler. Bar bolan şertlerde dünýäde bloklaşmanyň artma, täze bir Sowuk söweş döwrüniň başlama ähtimallygy bar.


Etiketkalar: #Günbatar , #ABŞ , #Russiýa

Degişli Habarlar