Şawkat Mirziýoýewiň Gazagystana Sapary

Ýewraziýa Syn

1749603
Şawkat Mirziýoýewiň Gazagystana Sapary

Tapgyrlaýyn gepleşigimiziň nobatdaky sanynda Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň Gazagystana guran sapary hakynda durup geçmek isleýäris.

2021-nji ýylyň dekabr aýynyň 5-6-sy aralgyynda Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Gazagystana döwlet saparyny amala aşyrdy. Gazagystanyň Prezidenti Kassym-Jomart Tokaýew Prezident Mirziýoýewi Nursoltan Nazarbaýew adyndaky halkara howa menzilinde garşy aldy. 6-njy dekabrda Prezident Mirziýoýew üçin Akordada resmi garşylama dabarasy geçirildi. Dabaradan soň liderler ikiçäk duşuşyk geçirdiler. Duşuşyklar soň bolsa topara formatda dowam etdi.

Geçirilen duşuşyklaryň netijesinde iki doganlyk ýurduň degişli guramalarynyň arasynda jenaýatkärleriň yzyna berilmegi, tebigy apatlar, älem giňişligi, elektrik üpjünçiligi, söwda pudaklarynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda ylalaşyklara hem-de ulaglar, senagat pudaklaryndaky taslamalar boýunça bilelikdäki iş meýilnamasyna gol çekişdiler. Tokaýew we Mirziýoýew iki ýurduň gatnaşyklarynyň derejesini ýaranlyk derejesine götermek hakyndaky jarnama gol çekdiler. Ýaranlyk jarnamasy bilelikdäki geňeşiň döredilmegini öz içine alýar. Iki ýurduň prezidentleri söwda we ykdysady gatnaşyklary hasam ösdürmek üçin iki taraply görnüşde özlerine ýörite wekil bellediler.

Gol çekişlik dabarasndan soň Tokaýew we Mirziýoýew metbugatyň wekilleri üçin ýygnak geçirdiler. Liderler metbugat ýygnagynda bilelikdäki söwda mukdary 10 milliard dollara ýetirmegi maksat edinýändiklerini beýan etdiler. Iki ýurduň söwda mukdary häzirki wagtda 4,5 milliard dollara barabar. Yslam Kerimowyň döwründe özara söwda mukdarynyň 1 milliard dollara hem ýetmeýändigi göz öňünde tutulanda, ýetilen sepgit we öňde goýulan maksat iňňän kanagatlandyryjy.

Özbegistanyň Prezidenti Mirziýoýew Nur Soltanda Işbaşy Nursoltan Nazarbaýew bilen hem duşuşdy. Mirziýoýew duşuşykda özara gatnaşyklaryň ýeten derejesine Nazarbaýewiň goşan goşandynyň deňsizdigine ünsi çekdi we oňa sagbolsun aýtdy.

Saparyň ahyrynda iki ýurduň döwlet ýolbaşçylary Nur-Soltanda Özbegistanyň Ilçihanasynyň täze binasyny açdylar.

Saparyň çäginde Gazagystanyň Türkistan şäherinde 3-nji Gazagystan-Özbegistan sebitara Hyzmatdaşlyk maslahaty geçirildi. Nur-Soltanda bolsa Gazagystan-Özbegistan Işewürler maslahaty geçirildi we 2 milliard dollarlyk şertnama baglaşyldy.

Gazagystanda gol çekişilen ýaranlyk jarnamasy hem Orta Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky bitewileşmäniň depginini güýçlendirmek hem-de daşarky güýçleriň zyýanly täsirleriniň öňüni almak taýdan möhüm. Orta Aziýa döwletleri 1990-njy ýyllarda baky doganlyk ylalaşyga gol çekişipdi. Ýaranlyk jarnamasy baky doganlygy iş ýüzünde berçinleşdirjek tapgyryň öňüni açdy. Onsuz hem gazaklar “Özbek, öz agam” diýýärler.

Gazak žurnalisti Amangeldi Kurmetulynyň beýan etmegine görä “döwletara gatnaşyklaryň strategik derejeden ýaranlyk derejesine göterilmegi adybir ýurtlaryň bir-birlerine ykdysady, sosial we harby kömek bermegä taýardygyny” aňladýar. Özbek žurnalisti Abduwali Saýbnazarowyň nygtaýşy ýaly ýaranlyk jarnamasyna gol çekişilmegi Orta Aziýa sebitiniň durnuklylygy hem-de galkynyşy üçin edilen möhüm başlangyçdyr.

Günbatarda Türkiýe we Azerbaýjan, gündogarda Özbegistan we Gazagystan birek-birek bilen has ýygy hyzmatdaşlyk edip, Türki döwletleriň guramasynyň güýçlenmegine has uly goşant goşarlar. Gazagystanyň we Özbegistanyň soňky ýyllarda türk dünýäsi boýunça edýän başlangyçlara berýäň goldawy hem şony delillendirýär.



Degişli Habarlar