Prezident Erdoganyň Türkmenistana Guran Resmi Sapary

Ýewraziýa Syn

1743041
Prezident Erdoganyň Türkmenistana Guran Resmi Sapary
erdoğan berdimuhamedov2.jpg
erdoğan berdimuhamedov3.jpg
erdoğan berdimuhammedov1.jpg
TKM
TKM
TKM

Hepdelik tapgyrlaýyn gepleşigimiziň nobatdaky sanynda Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti R.T.Erdoganyň Türkmenistana guran resmi sapary hakynda durup geçmek isleýäris.

2021-nji ýylyň 27-28-nji noýabrynda Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti R.T.Erdogan Türkmenistana resmi sapar gurady. 2021-nji ýylyň 27-nji noýabrynda Prezident Erdogan Türkmenistanyň döwlet Ýolbaşçysy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan Aşgabat şäherinde resmi dabara bilen garşylandy. Liderli ikiçäk we toparara gepleşikler geçirdiler.

Duşuşyklardan soň iki ýurduň arasynda 8 ylalaşyga gol çekişildi. Saglygy goraýyş, bilim, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, oba hojalygy, bankçylyk we daşary gatnaşyklar ugurlarynda gol çekişilen ylalaşyklar özara gatnaşyklaryň ösmegine goşant goşar. Aýratynam iki ýurduň prezidentleriniň goly bilen 9 maddalyk bilelikdäki jarnama çap edildi.

Soň bolsa metbugat ýygnagy geçirildi. Liderler metbugat ýygnagynda bilelikdäki söwda mukdarynyň 5 milliard dollara ýetirilmegini maksat edinýändiklerini mälim etdiler. Soňky görkezijilere görä iki ýurduň bilelikdäki söwda mukdary 2 milliard dollara barar.

Prezident R.T.Erdogana “Türkiýe bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlyga goşan goşandy üçin” diýlen orden gowşuryldy. 2017-nji ýylda döredilen şol solaga mundan ozal Wladimir Putin laýyk görülipdi.

Prezident Erdogan Türkmenistana soňky gezek 2015-nji ýylda sapar gurapdy. Türkmenistan Türkiýe üçin Merkezi we Günrota Aziýa açylýan gapy hökmünde möhüm ähmiýete eýe. İki ýurt hem üstaşyr geçişler taýdan bar bolan potensialdan doly peýdalanmaýar. Zengezur koridory açylsa, iki ýurduň arasynda guryýer gatnawy hasam gysgalar. Gündogar-Günbatar Orta Koridory, Gök Koridor ualy halkara geçiş ugurlary hem Türkiýe bilen Türkmenistany birikdirer.

Prezident Berdimuhamedow Azerbaýjanyň Ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarowy soňky 10 günde iki gezek kabul etdi. Duşuşykda ulaglar we energetika pudaklaryndaky hyzmatdaşlyk boýunça pikir alyşylandygy habar berildi. Türkmenistan we Azerbaýjan Hazar deňizindäki “Dostluk” energiýa känini boýunça düşnüşmezligi gepleşikler netijesinde çözüpdi. Türkmen tebigy gazy ýakyn gelejekde Türkiýä we günbatar ýurtlaryna akdyrylar. Geçirilmegi meýilleşdirilýän Azerbaýjan-Türkiýe-Türkmenistan üçtaraplaýyn sammiti gatnaşyklary täze bir derjä göterjek kararlaryň kabul edilmegine garaşmak ýerlikli bolar.

2021-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Aşgabat şäherinde “Bilelikde gelejege” temasy bilen Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň 15-nji sammiti geçirildi. Sammite Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Pakistanyň, Täjigistanyň, Türkiýäniň we Türkmenistanyň döwlet hem-de hökümet ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Prezident R.T. Edogan sammitde guramanyň başlyklygyny Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa gowşurdy. Prezident Erdogan sammitde sözlän sözünde “Türkowak” sanjymyny tassyklandan soň bütin adamzadyň ulanmagyna hödürlejekdiklerini beýan etdi. Aýratynam Owganystana ynsanperwer kömeginiň ugradylmagynyň möhümdigini nygtady hem-de gurama agza döwletleri Demirgazyk Kipr Türk Respublikasy bilen gatnaşyklary ösdürmäge çagyrdy.

Sammitiň ahyrynda döwlet ýolbaşçylary Aşgabat Ylalaşygyna gol goýdular. Ylym we tehnologiýa, ykdysadyýet, oba hojalygy we daşky gurşaw, taryh, medeniýet, edebiýat we sungat ugurlary boýunça baýraklar gowşuryldy. Sammitiň çäginde işewürler maslahaty geçirildi.

Jemläp aýdanymyzda Prezident Erdoganyn Türkmenistana sapary netijeli geçdi.



Degişli Habarlar