Türk Geňeşiniň Döwlet Baştutanlarynyň 8-nji Sammiti

Ýewraziýa Syn

1739153
Türk Geňeşiniň Döwlet Baştutanlarynyň 8-nji Sammiti

Tapgyrlaýyn gepleşigimiziň nobatdaky sanynda Türk geňeşiniň Stambulda geçirilen 8-nji sammiti hakynda maglumat bermek isleýäris.

2021-nji ýylyň 12-nji noýabrynda Türki geňeşiniň 8-nji sammiti Prezident R.T.Erdoganyň ýer eýeçiliginde Stambul şäherinde geçirildi. Sammitden ozal Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Türkiýäniň we Türkmenistanyň döwlet ýolbaşçylary hem-de Wengriýanyň Premýer-ministri Türki genşiň sekretariatynyň Fatih etrabynda ýerleşýän binasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdylar. Liderler soň bolsa Türk geňeşiň 8-nji sammitiniň geçiriljek Demokratiýa we azatlyklar adasyna bardylar.

“Sanly ulgam zamanasynda ýaşyl tehnologiýalar we amatly şäherler” temasy bilen geçirilen sammitde liderler çykyş etdiler. Gazagystanyň 1-nji Prezidenti we Türki geňeşiň abraýly Başlygy Nursoltan Nazarbaýew sammite wideo ýüzlenme bilen gatnaşdy.

Türkiýäniň Prezidenti R.T.Erdoganyň teklibine laýyklykda Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewe Azerbaýjanyň territoriýasynyň azatlygyny we territorial bitewiligini ýaňadandan ýola goýan taryhy ýeňiş hem-de şeýlelikde türk bileleşigine we sebitde durnukly parahatçylygyň ýola goýulmagyna goşant goşantlary mynasybetli Döwlet ýolbaşçylarynyň geňeşi tarapyndan “Türk dünýäsiniň ýokary nyşany” gowşuryldy.

Liderler sammitde Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň ýagny Türki geňeşiň adyny “Türk döwletleri guramasy” görnüşinde özgertmek hakynda karara geldiler. Şol karar Stambuldaky sammitde kabul edilen esasy kararlardan biri boldy.

Sammitde guramanyň ýolbeledi häsýetine eýe bolan Türk dünýäsiniň 2040-njy ýyla çenli bolan döwür üçin maksatnamasy tassyklandy. Türk döwletleri guramasynyň mundan beýläk alyp barjak işleri şol maksatnama laýyklykda iş ýüzüne geçiriler. Aýratynam sammitde Türk maýa goýum gaznasynyň döredilmegi hakynda karar kabul edildi.

Maslahatyň ahyrynda 121 maddadan ybarat bolan Stambul jarnamasy kabul edildi we Türk döwletleri guramasynyň başlyklygy Türkiýä gowşuryldy. 121 maddadan ybarat bolan Stambul jarnamasy Türk geňeşiniň sekretariatynyň we gurama agza döwletleriň üpjünlikli işleriniň mazmunyny beýan edýär.

Görşüňiz ýaly Türki geňeşiň 8-nji sammitinde türki dünýäniň gelejegini ugrukdyryjy kararlar kabul edildi.

Sammitde Türkmenistan gurama synçy agzalyga kabul edildi. Türkmenistanyň Türk döwletleri guramasyna doly agzalyk hukugynyň bardygyny ýatlatmak ýerlikli bolsa gerek. Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň guramanyň işlerine gatnaşmagy hem möhüm.

8-nji sammitde guramanyň üçünji taraplar bilen hyzmatdaşlyk usullary doly kesgitlendi. Mundan beýläk Türk döwletleri guramasynyň halkara derejesinde agza ýurtlaryň bähbitlerine laýyk gelýän işleriniň depgininiň güýçlendirijiljekdigini hem-de ygtybaryny artdyrjakdygyny aýdyp bileris. Gelejek ýyllarda dünýädäki ençeme ýurt Türk döwletleri guramasy bilen ýakyn hyzmatdaşlyk etmek islär. Türk döwletleri guramasy bilen Wişegrad toparynyň bilelikdäki Döwlet ýolbaşçylarynyň sammitini geçirme tekligi, onuň anyk mysalyny emele getirýär. Gyrgyzstanyň Prezidenti Sadyr Japarowyň Merkezi Aziýa-Günorta Kawkaz platformasynyň döredilmegi hakyndaky teklibi hem ünsleri çekýär.



Degişli Habarlar