Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistana Guran Sapary
Ýewraziýa Syn
Hepdelik tapgyrlaýyn gepleşigimiziň bu sanynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistana guran sapary hakynda durup geçmek isleýäris.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow üstümizdäki aýyň 4-5-i aralygynda Özbegistana resmi sapar gurady. Berdimuhamedowy Daşkendiň Yslam Kerimow adyndaky halkara howa menzilinde Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew garşylady.
2021-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda iki ýurduň liderleri özara we toparara duşuşyklar geçirdiler. Duşuşyklaryň netijesinde iki ýurduň arasynda gatnaşyklaryň dürli ugurlary boýunça 23 ylalaşyga gol çekişildi.
Saparyň çäginde 4-nji oktýabrda Daşkentde iki ýurduň Ministrleriniň orunbasarlarynyň gatnaşmagynda Özbek-Türkmen Işewürler Maslahaty geçirildi. Maslahatyň çäginde iki ýurduň guramadyr-edaralarynyň arasynda 13 şertnama baglaşyldy.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň saparynyň öň ýanynda türkmen wekiliýetleri Özbegistanda gepleşikler geçiripdiler. 2021-nji ýylyň 13-nji sentýabrynda Daşkentde ilkinji gezek Özbegistan-Türkmenistan Suw meselesi boýunça Hökümetara toparyň maslahaty geçirilipdi. Suw meselesi sebit ýurtlarynyň esasy meselelerinden biri bolandygy göz öňünde tutulanda, şeýle maslahatlaryň geçirilmegi iňňän möhümdir.
Aýratynam 2021-nji ýylyň 14-nji oktýabrynda Özbegistan-Türkmenistan Hökümetara toparynyň 16-njy maslahaty netijeli geçirilipdi. İki ýurduň söwda mukdary 2017-nji ýylda 177 million dollar bolan bolsa, ol 2020-nji ýylda 527 million dollara ýetdi. Özbegistan we Türkmenistan söwda gatnaşygynyň mukdaryny gelejekki ýyllarda 1 milliard dollara ýetirmegi maksat edinýärler.
Türkmenistan we Özbegistan özara bähbitliligi ileri tutup, halkara bazardan has netijeli peýdalanmak üçin hyzmatdaşlygy täze derjä götermek isleýär. Mundan beýläk Özbegistan günbatara, Türkmensitan bolsa gündogara birek-biregiň mümkimçiliklerinden pedalanyp, has ýeňillik bilen çykarlar. İki ýurduň liderleri gury ýer, deňiz we demir ýoly gatnawynda birek-birege ýeňillikler dörejekdiklerini beýan etdiler.
Daşkentäki maslahatda kabul edilen karar bilen raýatlaryň geliş-gidişleriniň mundan beýläk ýeňilleşdirilmegi söwda gatnaşyklarynyň başda durmagynda iki ýurduň ähli ugurlardaky gatnaşyklaryny hasam giňeltmeklerine goşant goşar. Serhet zolaklarynda söwda öýlerini açmak, sebitara hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin Hywada Özbek-Türkmen Sebitleýin maslahatyny geçirmek hakyndaky karar, saparyň anyk netijelerinden käbirleridir. Liderler iki ýurduň goňşy şäherleriniň arasynda özara saparlaryň artdyrylmagy boýunça ýerli häkimiýetlere görkezmeler hem berdiler.
Senagat pudagynda önüm öndürmek üçin bilelikdäki kärhanalaryň döredilmegi boýunça ylalaşylmagy Berdimuhamedowyň Daşkende saparynyň iň esasy netijelerinden biri bolandygyny nygtasymyz gelýär.
Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri Orta Aziýanyň meseleleri boýunça bilelikde hereket edýändiklerini beýan etdiler. Sebitleýin meselelerde gazanylan ylalaşyklar Orta Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky bitewiligiň depginini güýçlendirer. Täjigistandan tapawutlylykda Özbegistan we Türkmenistan Owganystanyň täze hökümeti bilen aragatnaşyk saklaýar. Resmi Daşkendiň we Aşgabadyň Owganystanda uly maýa goýumlary bar. Ulaglar, energetika pudaklarynda goýulan maýa goýumlary saýasynda Türkmenistan we Özbegistan Günorta Aziýa çykmak isleýär. Mirziýoýew we Berdimuhamedow Daşkendäki duşuşykda Owganystana berilýän kömegiň dowam etjekdigini nygtadylar.
Jemläp aýdanymyzda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistana saparynyň netijeli geçendigini, saparda özara gatnaşyklary täze derejä göterjek başlangyçlaryň edilendigi aýdylyp bilner.