Psihiatriýa Taryhy Muzeýi

Giňdir dünýe, geňdir dünýe

1698931
Psihiatriýa Taryhy Muzeýi

Edirne welaýatynda “Psihiatriýa Taryhy Muzeýiniň” bardygyny bilýäňizmi?

Hassalaryň saz bilen bejergisi aslyna seredilende türk ruh lukmanlarynyň açyşy däldi. Emma ylmy barlaglary bilen ruh lukmançylygynda-da döwürdeşlerine görä, ýokary üstünliklere eýe bolan Osman-türk ruh lukmanlary, sazly bejergide hem uly öňegidişlikler edipdi. Soltan Baýezit 2-njiniň 1488-nji ýylda Edirnede gurduran kompleksiniň akyl-huş keselleri hassahanasy bölüminde keselliler saz bilen bejerilýärdi. Sazyň adamyň ruhuna edýän oňyn täsiri hakynda ýeterlik maglumata we tejribä eýe bolan baş lukman, hassalaryna ilki dürli sazlary diňledip, ýürek uruşlaryny diňläpdir, soň bolsa peýdalanjak mukamlaryny kesgitläp, birmeňzeş kesellileri bilelikde bejerer ekeni.

Osman-türk ruh lukmanlary tarapyndan ylmy taýdan we üstünlik bilen ulanylan “sazly bejergi” döwrebap psihiatriýada täzelik hökmünde görülýär we dürli barlaglar geçirilýär. Ençeme asyr ozal gazanylan tejribeleri görkezmek üçin Edirnedäki Solta Baýezit 2-nji kompleksiniň hassahana bölüminde Türk Psihiatriýa Taryhy Muzeýi açylýar. Hassahananyň özboluşly şertlerinde döwrüne bap gelýän bezegler we egin-eşikler bilen baş lukman, orunbasarlary, hassalar, sazandalar, kömekçi lukmanlar mankenler bilen suratlandyrylyp, sergilenýär.


Etiketkalar: #tejribe , #saz , #hassahana , #Edirne

Degişli Habarlar