Prezident Erdoganyň Azerbaýjana Sapary

Ýewraziýa Syn

1665297
Prezident Erdoganyň Azerbaýjana Sapary

Hepdelik tapgyrlaýyn gepleşigimiziň nobatdaky sanynda Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti R.T.Erdoganyň Azerbaýjana sapary hakynda durup geçmek isleýäris.

Üstümizdäki aýyň 15-16-sy aralygynda Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti R.T.Erdogan Azerbaýjana resmi sapar gurady. Prezident Erdoganyň sapary ermeni basybalyjylaryndan halas edilen şäherlere baryp gören ilkinji doganlyk ýurduň lideri bolmagy taýdan möhüm ähmiýete eýe. Prezident R.T.Erdogan 2021-nji ýylyň 15-nji iýunynda Şuşada Azerbaýjanyň döwlet Ýolbaşçysy Ilham Aliýew tarapyndan resmi dabara bilen garşylandy. Liderler garşylama dabarasyndan soň ikiçäk duşuşyk geçirdiler. Soň bolsa Erdogan we Aliýew Şuşa Jarnamasyna gol goýdular.

Liderler gol çekişik dabarasyndan soň bilelikde metbugat ýygnagyny geçirdiler. Erdogan metbugat ýygnagynda Şuşada Türkiýäniň Başkonsullygynyň açyljakdygyny beýan etdi we “Türkiýe täzeden dikeldiş işlerinde-de doganlarymyza ähli goldaw berýär” diýdi. Türkiýe we Azerbaýjan Garabagy bilelikde dikelderler. Garabagyň täzeden dikeldilmegine eýranly we rus potratçylaryň hem gatnaşmak isleýändigi bilinýär.

Türk-rus gözegçilik nokadynda iş alyp barýan türk esgerleri bilen duşuşan Prezident Erdogan, son Bakuwa bardy. 16-njy iýunda Prezident Erdogan Azerbaýjanyň Mejlisinde çykyş etdi. Erdogan çykyşynda Kawkazda parahatçylygyň we asudalygyň hökmürowanlygy üçin Türkiýe bilen Azerbaýjanyň sebitde giň gerimli hyzmatdaşlyga taýardygyny nygtady.

Prezident Erdogan Azerbaýjana saparyndan soň žurnalistler bilen bolan söhbetdeşliginde Şuşa Jarnamasynyň harby baza açmagy hem öz içine alyp biljekdigini, onuň gelejekde degişli taraplaryň arasynda geçiriljek gepleşiklerde kesgitlenjekdigini aýtdy. Şondan soň rus tarapy mesele bilen ýakyndan gyzyklanjakdyklaryny beýan etdi.

Gol çekişilen Şuşa Jarnamasyndaky “Taraplardan haýsydyr biriniň garaşsyzlygyna ýa-da territorial bitewiligine üçünji döwletler tarapyndan hüjüm edilen halatynda taraplar birek-birege degişli kömegi bererler” diýilýän madda ünsleri çekýär. Bu madda Günorta Kawkazdaky deňagramlyklaryň goralmagy taýdan iňňän möhüm. Şuşa Jarnamasy Türkiýäniň Kawkazda esasy ýurtlardan biridigini tassyklaýan resminama häsýetine eýe. Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň Moskwa döwlet Diplomatiýa institutynyň baýry bilermeni Sergeý Markedonow “Sputnige” beren analizinde günbatar ýurtlarynyň Gruziýadaky, Ukrainadaky we Moldowadaky dartgynlyklarda reaksiýalarynyň sözde galandygyny, Türkiýäniň, Russiýanyň gaýraky howlusy häsýetlendirilýän Kawkazdaky söweşiň ugruny kesgitländigini aýtdy. Aýratynam Türkiýäniň bu başlangyçlaryny NATO agza hökmünde däl, eýsem Ýewraziýanyň beýik güýji hökmünde edendigini, Şuşa Jarnamasy bilen Türkiýe-Azerbaýjan gatnaşyklarynyň dilde däl, eýsem iş ýüzünde iň ýokary derejä göterilendigini nygtap, bar bolan şertleri hakykata laýyk beýan etdi.

Türkiýäniň Günorta Kawkazdaky güýçli pozisiýasy resmi Ankaranyň Türküstan bilen gatnaşyklaryna oňyn goşant goşar. Zengezur koridory açylan halatynda Gündogar-Günbatar gatnawynda iň gysga ýol bolmak bilen çäklenmän, şol bir wagtda-da sebitiň eşretiniň artmagyna hem goşant goşar. Russiýanyň Garabag urşunda töwellaçy bolmagy we Azerbaýjan-Ermenistan ýesir çalşygynda Gruziýanyň araçylyk etmegi sebitleýin hyzmatdaşlygyň ähmiýetini görkezýär. Erdoganyň we Aliýewiň teklip eden altytaraplaýyn platforma Kawkazyň geljegi üçin tapylgysyz pursat.



Degişli Habarlar