Mezir Pastasy

Giňdir dünýe, geňdir dünýe

1665144
Mezir Pastasy

Her ýyl festiwaly geçirilýän “Mezir Pastasynyň” 500 ýyllyk taryhynyň bardygyny bilýäňizmi?

Şypaly iýmit hökmünde kabul edilýän mezir pastasynyň ýüze çykyşy taryhy rowaýata esaslanýar. Kanuny Soltan Süleýmanyň ejesi Hafsa Soltan Manisada syrkawlaýar. Şol hassalyga çäre üçin Soltan Metjidi medresesiniň lukmany 41 görnüş ösümlikden pasta taýarlaýar. Mezir pastasy ady bilen biziň günlerimize çenli gelip ýeten şol şypaly garyndydan pasta taýarlanýar. Mezir pastasy ady bilen biziň günlerimize gelip ýeten şypaly garyndy Hafsa Soltany sagaldýar. Soltan, özüni sagaldan mezir pastasynyň her ýylyň Nowruz hepdesinde, ýagny mart aýynyň üçünji hepdesinde halka paýlanmagyny isleýär. Kiçi kagyzlara dolanan pasta, Soltan metjidinden halka seçilýär. Şol günden bäri her ýylyň mart aýynyň üçünji hepdesinde Manisada festiwal geçirilip, Soltan metjidiniň daşynda jemlenşen halka mezir pastasy paýlanýar.

Mezir pastasy nesilden nesile geçen maglumatlara laýyklykda taýarlanýar. Düzüminde anason, Hindistan hozy, gara burç, gwozdika, safran, sakgyç, dalçyn, waniliýa, apelsin gabygy ýaly ösümlikler bar. Şol hoşboý ysly ösümlikleriň täsiri bilen mezir pastasynyň ençeme peýdasy bar. Bilinýän iň esasy täsiri; tebigy ösümlikleriň garylmagy sebäpli güýç bermegi, adamyň bedenini kuwwatlandyrmagy. Aýratynam egzema we käbir deri hassalyklaryna peýdaly. Düzümindäki ösümlikler sebäpli üsgülewige peýdalygy bolmagy, sowuklamanyň bejergisinde peýdalanylýar. Düzümindäki käbir ösümlikleriň bedeniň agyrysyny aýyrýandygy sebäpli guryagyry kesellerine peýdaly.



Degişli Habarlar