Kyrkpynar ýagly göreşleri

Giňdir dünýe, geňdir dünýe

1652174
Kyrkpynar ýagly göreşleri

 

Kyrkpynar ýagly göreşleriniň dünýäniň henizem uzak dowam edýän bäsleşigi hökmünde kabul edilýändigini bilýäňizmi?

Türkleriň milli sporty hökmünde kabul edilýän göreş, adamzat taryhynyň hem iň gadymy sportlaryndan biri. Türkiýede göreş diýlende ýada düşýän ilkinji sport, Kyrkpynar ýagly göreşleri. Ýagly göreş, pälwanlaryň bili we aşagy ýüp bilen daňylan deri balaklar geýip, zeýtun ýagy bilen ýaglanyp, çaýyrlaryň üstünde bäsleşýän göreşidir. 14-nji asyrda ýüze çykan ýagly göreş bäsleşigi henizem dünýäniň iň uzak dowam edýän sport bäsleşigi hökmünde kabul edilýär.

Rowaýata görä Kyrkpynar ýagly göreşleri türkleriň 1361-nji ýylda Frakiýa barmagyndan soň başlaýar. 650 ýyldan gowrak wagt bäri dowam edýän bäsleşikler Edirnänin Saraýiçi diýilýän ýerinde geçirilýär. Bir hepde dowam edýän Kyrkpynar ýagly göreşleri iýun aýynyň ahyrynda, iýul aýynyň başynda geçirilýär. Bäsleşiklerde üstün çykan pälwan “Baş pälwan” derejesini alyp, altyn kemer gazanýar we nobatdaky bäsleşige çenli şol altyn kemere eýe bolýar.

Kyrkpynar ýagly göreşleri 2010-njy ýyldan bäri ÝUNESKO-nyň Konkret bolmadyk medeni miras sanawynda.

 



Degişli Habarlar