Antep Fystygy

Giňdir dünýe, geňdir dünýe

1639797
Antep Fystygy

Türkiýäniň dünýädäki esasy Antep fystygy öndürijilerinden biridigini bilýänizmi?

Türkiýäniň günorta-gündogarynda ýerleşýän Gaziantep welaýaty diýlende ýada düşýän ilkinji zat, şany ýurt aşan Antep fystygydyr. Türkiýedäki ilkinji fystyk kärhanalarynyň Gaziantepde açylmagy sebäpli Orta Aziýadan gelen bu ösümlige Antep fystygy diýilýär. Täze oturdylan Antep fystygy 10 ýaşynda hasyl bermäge başlaýar. Agaç başyna ortaça 10 kilogram hasyl berýär. Ortaça ömri bolsa 100-150 ýyl aralygynda.

Garbanarlyk hökmünde sarp edilmeginiň ýany bilen süýji we köke önümçiliginde-de sarp edilýän Antep fystygy, güýç-kuwwat berýär, azyk mukdary iňňän ýokary önümlerden biridir. Öýken üçin iňňän peýdalydygy aýdylýar. Aýratynam gandaky kollesterolyň derejesini aşakladyp, hroniki ýürek keseliniň howpuny azaldýar. Düzümindäki B6 witamini saýasynda rak keseliniň görnüşleriniň we ýokançlarynyň öňüniň alynmagy taýdan peýdaly. Adamyň bedeniniň esasy azyk talabyny kanagatlandyrýan düzümi bolan Antep fystygy, bedeniň fiziologiýasyna we metabolitiki funksiýalaryna goşýan oňyn goşantlary sebäpli “funksional azyk” hökmünde-de kabul edilýär.

 



Degişli Habarlar