23-nji Aprel Çagalar Baýramy

Giňdir dünýe, geňdir dünýe

1632062
23-nji Aprel Çagalar Baýramy

 

23-nji aprel Çagalar baýramynyň 1979-njy ýyldan bäri bütin dünýä çagalarynyň baýramydygyny bilýäňizmi?

M.K.Atatürkiň türk çagalaryna sowgat eden bu manyly baýramy dünýä çagalarynyň arasynda-da söýgüniň we dostluk gatnaşyklarynyň ösdürilmegi hem-de bütin adamlaryň parahat ýaşajak dünýä ulgamynyň döredilmegine goşant goşmagy maksat edinilýär.

1920-nji ýylda Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň dördilen güni bolan 23-nji aprel, çagalara “Siz ähliňiz gelejegiň güli, ýyldyzy, bagtyýarlyk öwüşgini” diýen Atatürkiň islegine laýyklykda 1929-njy ýyldan bäri Çagalar baýramy hökmünde bellenilip geçilýär. Dünýäde çagalaryň eýe bolan ilkinji we ýeke-täk baýramy bolan 23-nji aprel, 1979-njy ýylyň ÝUNESKO tarapyndan Çagalar ýyly hökmünde yglan edilmegi bilen halkara häsýete eýe boldy. Türkiýäniň radio-telewideniýe guramasynyň şol ýyldan bäri geçirýän Halkara 23-nji aprel Çagalar festiwaly dürli materiklerden we ýurtlardan gelýän çagalar bilen türk çagalarynyň dostlaşýan ajaýyp baýramy bileklikde bellenilip geçilýän asylly däbe öwrüldi.



Degişli Habarlar