Nowruz

Giňdir dünýe, geňdir dünýe

1614052
Nowruz

Nowruzyň, türki halklaryň biziň günlerimize çenli gelip ýeten iň gadymy däp-dessurlaryndan biridigini bilýäňizmi?

Taryhyň her bir döwründe dürli formalarda hem bolsa bellenilip geçilmäge dowam edilen Nowruz, türk halklarynyň in gadymy baýramlaryndan biri. Türk medeniýetinde Nowruz, dogluş, direliş manysyny aňladýar. Şol bir wagtda-da baharyň başlangyjy saýylýar. Nowruz dabaralarynyň beýleki bir ady bolsa “Ergenekon baýramy.”

Bu at geçmişden biziň günlerimize Orhon töwereklerinden Altaý sebitine, ol ýerden hem hun türkleriniň Ýewropa geçmegi bilen Wengriýa we Balkan sebitlerine baryp ýetýär. 9-njy asyrda Hazar deňiziniň günortasyndan Anadola we Messopotamiýa sebitine göçüp, has giň sebite ýerleşýär. Türkler taryh boýy dürli sebitlerde ýaşap, tapawutly dinlere uýan hem bolsalar, elmydama Nowruz baýramyny belläp geçipdirler.

Respublikanyň yglan edilmegi bilen birlikde has giňden we şowhunly bellenilýän Nowruz, gelejekde-de türk dünýäsiniň umumy gymmatlygy bolmaga dowam eder.



Degişli Habarlar