Pierre Loti Kafesi

Giňdir dünýe, geňdir dünýe

1609695
Pierre Loti Kafesi

Stambulyň Eýüp etrapçasynda ýerleşýän depelerden birine fransuz ýazyjysy Pierre Lotinin adynyň dakylandygyny biýäňizmi?

1850-1923-nji ýyllaryň aralygynda ýaşap geçen meşhur fransuz romançy ýazyjy Pierre Loti Stambuly we Osman medeniýetini düýpli öwrenip, onuň täsirinde galypdyr hem-de şäherde uzak ýyllar ýaşapdyr. Stambula ikinji gelişinde Osman döwrüni gürrüň berýän “Aziýazada” atly romanyna adyny goýan zenany bilen tanyşýar.

Pierre Loti dini ýerleri, gonamçylyklary, tebigy gözellikleri we gadymy ýaşaýyş merkezi bolan Eýübi diýsen gowy görüpdir hem-de şol etrapçada ýaşapdyr. Eýübiň gaýrasynda ýerleşýän we Halije depeden syn etmäge şert döredýän kafe ýygy-ýygydan baryp, adamlar bilen söhbetdeş bolupdyr. Häzirki döwürde ýerli we daşary ýurtly syýahatçylaryň ünsüni çekýän kafe, Pierre Loti kafesi, ýerleşýän depesine bolsa Pierre Loti depesi atlandyrylýar.


Etiketkalar: #kafe , #roman , #Pierre Loti

Degişli Habarlar