Ermenistandaky Soňky Ýagdaýlar

Ýewraziýa Syn

1596862
Ermenistandaky Soňky Ýagdaýlar

 

Hepdelik tapgyrlaýyn gepleşigimiziň nobatdaky sanynda Ermenistandaky soňky wakalar hakynda durup geçmek isleýäris.

2021-nji ýylyň 24-nji fewralynda Ermenistanda harby goşun bilen hökümetiň arasynda Russiýanyň ballistiki “Iskender” raketasy sebäpli çykgynsyzlyk ýüze çykdy. Ermenistanyn ozalky prezidenti Serž Sarkisýan hökümet tarapyndan goşunyň býujetiniň azaldylandygyny, soňky Garabag urşunda “Iskenderiň” ulanylmandygyny beýan edipdi. Premýer-ministr Nikol Paşinýan oňa jogap hökmünde “Iskenderiň” ulanylandygyny, emma raketalaryň atylmandygyny aýdypdy. Bu diskussiýa goşunyň generallary hem goşulypdy we Paşinýan Baş ştabyň başlygynyň birinji orunbasaryny wezipesinden boşadypdy.

Şondan soň 2021-nji ýylyň 25-nji fewralynda Ermenistanyň Baş ştabyň hökümete duýduryş berdi we Nikol Paşinýanyň wezipeden çekilmegini isledi. Baş ştabyň Başlygy Onik Gasparýanyň goly bilen berilen duýduryşda Ermenistanyň Premýer-ministriniň we hökümetiniň indi ýurt üçin degişli kararlary kabul etmeýändigi beýan edilipdi. Şol sagatlarda Ýerawanyň üstünde SU-30 kysymly harby uçarlar pessaý uçuşlar etdi.

Premýer-ministr Paşinýan hem Baş ştabyň Başlygy Onik Gasparýany wezipesinden boşatdy we tarapdarlaryny mitinge çagyrdy. Günortadan soň Respublika meýdanynda tarapdarlaryna ýüzlenip çykyş eden Paşinýan, harby goşunyň beýannamasynyň agdarlyşyk synanşygydygyny we ona ýol bermejekdiklerini aýtdy.

Paşinýanyň meýdandaky çykyşyndan soň Ermenistanyň Baş ştaby ikinji bir beýannama berip, pozisiýasyny gorap saklaýandygyny, ýurduň bähbitlerini goramak üçin Paşinýanyň wezipeden çekilmegini isleýändigini ýene-de bir gezek nygtady. Oppozisionerler goşynyň beýannamasyny goldap, miting geçirdiler we çadyrlar gurup, Premýer-ministriň wezipeden çekilmegi üçin köçelere çykjakdyklaryny yglan etdiler.

Ermenistanyň Prezidenti Armen Sarkisýan üç gün garaşandan soň we taraplar bilen duşuşyp, wezipeden boşatmak hakyndaky karary Premýer-ministr Paşinýana gaýtardy. Paşinýan şol karary gaýtadan Prezidente ugratjakdygyny, meseläniň çözülmändigini beýan etdi. Wezipeden boşatma meselesiniň Ýokary kazyýet tarapyndan çözülmegine garaşylýar.

 

44 gün dowam eden Garabag urşundaky ýeňilişden bäri ermeni oppozisiýasy Premýer-ministr Paşinýanyň wezipeden boşadylmagyny talap edýärler. Prezident Sarkisýan hem möhletinden irki saýlawlaryň geçirilmelidigini beýan edýär. Mejlisde esasy köplüge eýe bolan Paşinýan bolsa parlament saýlawlarynyň öz wagtynda, ýagny 2022-nji ýylda geçirilmelidigini öne sürýär.

Paşinýan tarapdarlaryny 1-nji martda geçiriljek uly göwrümli mitinge çagyrdy. 1-nji martyň ermeni syýasatynda özboluşly ýeri bar. 2008-nji ýylyň 1-nji martynda geçirilen mitingde howpsyzlyk güýçleri çäre görüpdi we asuda ilatdan 8 adam bilen 2 howpsyzlyk gullukçysy aradan çykypdy. Harby goşundan tapawutlylykda polis gullugynyň häzirki wagta çenli Paşinýanyň tarapynda durmagy güýç deňagramlylygynyň goralýandygyny görkezýär.

Ermenistanda ýüze çykan syýasy dartgynlykda günbataryň häzirlikçe passiw çemeleşýändigi görülýär. Russiýadan berilen beýannamalarda wakalar häzirlikçe Ermenistanyň “içerki işleri” hökmünde häsýetlendirilýär. Türkiýe bolsa agdarlyşygyň ählisine garşy durýandygyny, harby goşunyň syýasata goşulmaly däldigini we Ermenistanyň geljegini halkyň kesgitlemelidigini beýan etdi.

Goňşulary bilen dostlukly gatnaşyklar açmak Ermenistanyň şeýle syýasy çykgynsyzlyklary başdan geçirmeginiň öňüni alyp biler.



Degişli Habarlar