Trabzon Aýasofýa Muzeýi

Giňdir dünýe, geňdir dünýe

1596255
Trabzon Aýasofýa Muzeýi

Trabzon şäherinde ýerleşýän Aýasofýa muzeýiniň abatlaýyş işleriniň tamamlanyp, 2020-nji ýylda ýaňadandan açylandygyny bilýaňizmi?

Trabzon Aýasofýa buthanasy 1250-1260-njy ýyllaryň aralygynda gurlan manasytyr buthanasydyr. Giçki Wizantiýa buhnalarynyň iň kaşaň nusgalaryndan biri bolan Aýasofýa, sebitiň 1461-nji ýylda Osman döwleti tarapyndan zabt edilmeginden soň hem öz ähmiýetini gorap saklapdyr we 1670-nji ýylda islege laýyklykda metjide öwrülipdir.

1-nji Jahan urşy ýyllarynda ammar, hassahana, soňky ýyllarda ýene-de metjit hökmünde peýdalanylan Aýasofýa, 1958-1962-nji ýyllaryň aralygynda abatlanyp, 1964-nji ýylda muzeý hökmünde açylýar.

Aýasofýa taryhy gymmatynyň ýany bilen sungat taryhy taýdan hem deňiz naýbaşy eser hökmünde biziň günlerimizde hem öz ähmiýetini gorap salaýar.

Soňky gezek 2018-2020-nji ýyllaryň aralygynda abatlanýar we 2020-nji ýylyň iýun aýynda ýaňadandan açylýar, pandemiýa garamazdan köp sanly myhman kabul etdi.

 


Etiketkalar: #ybadat , #metjit , #Trabzon , #buthana

Degişli Habarlar