Gyrgyz Respublikasynda Geçirilen Prezident Saýlawy we Referendum

Ýewraziýa Syn

1570020
Gyrgyz Respublikasynda Geçirilen Prezident Saýlawy we Referendum

 

Hepdelik tapgyrlaýyn gepleşigimiziň nobatdaky sanynda Gyrgyz Respublikasynda geçirilen möhletinden irki prezident saýlawy we dolanşyk ulgamynyň kesgitlenmegi boýunça referendum hakynda durup geçmek isleýäris.

2021-nji ýylyň 10-njy ýanwarynda Gyrgyz Respublikasynda möhletinden irki prezident saýlawlary we dolanşyk ulgamynyň kesgitlenmegi üçin referendum geçirildi. 17 dalaşgäriň bäsleşen prezident saýlawynyň netijesine görä Sadyr Japarow saýlawçylaryň 79 götreiminiň sesi bilen Gyrgyz Respublikasynyň prezidentligine saýlandy. Saýlawda ikinji orny eýelän Adahan Madumarow sesleriň 6 göterimini almagyň hötdesinden geldi. Beýleki dalaşgärler bolsa sesleriň 2 göterimini aldylar.

Saýlawçylar ýurduň içinde we daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarda döredilen 2522 saýlaw uçastogynda ses berdiler. Gyrgyz Respublikasynyň 3,563,574 raýatynyň 39,33 göterimi, başga bir söz bilen aýdylanda 1,401,726 raýat saýlawa gatnaşdy. Saýlawa gatnaşygyň pes bolmagy gyrgyz halkynyň syýasy oýunlardan ýadandygyny görkezýär diýsek ýerliksiz bolmaz. 2020-nji ýylyň 4-nji oktýabrynda geçirilen parlament saýlawynyň netijeleriniň bes edilmegine sebäp bolan “2 belgili forumyň” bes edilmegi hem gatnaşygyň pes bolmagyna sebäp boldy. Şäherde ýaşaýan, emma saýlaw uçastogy alysda bolan saýlawçylar agyr gyş şertlerinde ses bermäge gidip bilmedi.

Saýlawçylar Prezident bilen birlikde Gyrgyz Respublikasynyň dolanşyk ulgamynyň kesgitlenmegi üçin isleglerini beýan etdiler. Referendumda saýlawçylaryň 81,29 göterimi prezident dolanşyyna, 10,85 göterimi parlament dolanşygy ulgamyna, 4,43 göterimi bolsa ikisine hem garşy ses berdiler. Gyrgyz kanunlaryna görä referendumryň güýjüni saklamagy üçin saýlawçylaryň 30 göterimi ses bermeli we şeýlelikde Gyrgyz Respublikasy ýaňadandan Prezident ulgamyna dolanyp bardy. Prezident ulgamynyň nähili işlejekdigi ýylyň dowamynda kesgitlener.

Saýlaw güni düzgün bozmalar boýunça 50 şikaýat edildi. Saýlawyň netijesine täsirini ýetirjek şikaýat gelip gowuşmady. Halkara guramalarynyň synçylary saýlawyň aç-açan şertlerde geçendigini beýan etdiler. Diňe Ýewropada howpsyzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň synçylary saýlawyň kampaniýa döwründe dalaşgärlere deň şertleriň döredilmändigini beýan etdiler.

Sadyr Japarow 50 günüň dowamynda kasam edip, wezpesine girişer. Japarowy ilkinji nobatda Owganystanyň, Gazagystanyň, Russiýanyň, Özbegistanyň we Türkiýäniň Prezidentleri, Türk geňeşi, TÜRKSOÝ, TürkPa ýaly halkara guramalary gutladylar. ABŞ, Hytaý we ÝB saýlawyň netijelerini ykrar edýändigini habar berdiler. Sadyr Japarowyň ilkinji saparyny Gazagystana gurajakdygy habar berildi.

Gyrgyz Respublikasynda saýlawyň we referendumyň geçirilendigine garamazdan ýurtda syýasy dartgynlyk ýokary bolmagynda galar. Sebäbi Prezident dolanşygy ulgamynyň nähili boljakdygy henize çenli näbelli bolmagynda galýar. Aýratynam parlament saýlawlary ýylyň dowamynda gaýtadan geçiriler. Ýurduň ykdysadyýeti pandemiýadan agyr zyýan çekdi.

Sadyr Japarow Prezidentlige saýlanandan soň sözlän sözünde Türkiýe bilen gatnaşyklary täze derejä götermek isleýändigini beýan etdi. Sadyr Japarowyň Prezidentliginde Türkiýe-Gyrgyzstan gatnaşyklarynyň hasam ösjekdigini aýdyp bileris.

 



Degişli Habarlar