Anadoly Tagamlary

Giňdir dünýe, geňdir dünýe

1569881
Anadoly Tagamlary

Türk aşhanasyna degişli 150 müňden gowrak naharyň bişirlişini salgy berýän reseptiň 9 dilde elýeterlidigini bilýäňizmi?

25 ýylyň dowamynda Türkiýäni gezip, dünýäniň iň baý aşhanasyna eýe bolan türk aşhanasyny öwrenen Banu Atabaý tagamlar hakyndaky söhbetdeşliklerini, makalalaryny we naharlaryň bişirlişini “lezzetler.jom” atly internet sahypasyndan halk köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

Öwrenen ýerli we milli naharlarynyň bişirliş usullaryny ilki özi synap gören, eger ölçeglere gabat gelýän bolsa ýönekeý düşündiriş bilen neşir eden Atabaý, dolulygyna şahsy tagallasy bilen taýarlan internet sahypasynda 150 müňden gowrak naharyň bişirliş usulyny berýär.

Naharlaryň bişirliş usullary türkçe, Azerbaýjan türkçesi, inlis, arap, nemes, rus, italian, ispan we fransuz ýaly dünýä dillerinde berilýär.

Şeýlelikde türk aşhana medeniýeti dünýäniň çar tarapynda tanyşdyrylýar we süýji tagamlar isleýänleriň saçagyny bezeýär.


Etiketkalar: #medeniýet , #tagam , #aşhana

Degişli Habarlar