Türkiýede Kitaphanaçylyk

Giňdir dünýe, geňdir dünýe

1564956
Türkiýede Kitaphanaçylyk

Türkiýede 900 ýyllyk kitaphana tejribesiniň bardygyny bilýäňizmi?

Türkiýede kitaphana tejribesi 900 ýyllyk taryha eýe. Ilkinji kitaphanalar Anadolynyň ilkinji hanlyklary we Seljuk döwleti zamanasynda açylýar. Osman döwletinde has kämilleşýär. Osman imperiýasynyň ilkinji ýyllarda kitaphanalar; metjit, türbet, medrese we ymarathana ýaly guramalaryň içinde ýerleşipdir. Soň özbaşdak kitaphanalar açylýar.

1884-nji ýylda açylan Beýazyt döwlet kitaphanasy Türkiýäniň ilkinji konstruktiw kitaphanasydyr. Kitaphana açylan ýyllarynda tekjelerinde Osman döwletiniň tanymal taryhçysy Mustafa Naimanyň “Naima Taryhy” eseri bar ekeni. Wagtyň geçmegi bilen tekgelerden ýygnalan eserler, satyn alynan kitaplar we kitaphana getirilen resminamalar bilen baýlaşan maglumat merkezine öwrülýär. 1934-nji ýylda Atatürkiň islegine laýyklykda “Basma ýazgylar ýygnamak we jemlemek hakyndaky” kanun bilen kitaphananyň gorlary hasam baýaýar. Indi Türkiýede basylan ähli neşirleriň bir nushasy şol kitaphana getirilmeli edilýär. Häzirki wagtda bir milliondan gowrak eseri bilen taryhçylaryň esasy merkezine öwrülen Beýazyt döwlet kitaphanasy baýlaşmaga we okyjylaryna hyzmat etmäge dowam edýär.


Etiketkalar: #taryhçy , #kitap , #kitaphana

Degişli Habarlar