Türk Dünýäsinden Habarlar

Türk dünýäsiniň tapawutly ýerlerinden gelip gowuşan möhüm wakalar bilen bagly habarlar

733278
Türk Dünýäsinden Habarlar

Ilkinji habarymyz Gazagystandan.

Gazagystanyň Prezidenti Nursultan Nazarbaýew TRT-niň Direliş Ärtogrul teleserialyny öwdi.

Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Nazarbaýew gazak filmlerinde hem birligi öňe sürjek harakterlere ýer berilmegini isledi.

Serialdaky yslam alymy we şahyr Ibn Arabini göz öňünde tutan Nazarbaýew gazak filmlerinde hem bular ýaly rollara ýer berilmegi barada maslahat berdi.

Nursoltan Nazarbaýew 2016-njy ýylyň sentýabr aýynda Gazagystanda görkezilmäge başlan we ýurtda örän halanan “Enä elten ýol” filminiň režissýory Akan Sataýewi kabul etdi.

Gazagystanyň kinomotografiýa pudagynyň üstünde durup geçen Nazarbaýew gazak milletiniň döreýşinde kinomotografiýanyň möhümdigini belledi.

Režissýor Akan Sataýewden Sakalaryň Şa zenany Tomirisiň ömri döredejiligini suratlandyrjak taryhy film barada maglumat alan Nazarbaýew soňra bolsa TRT-niň Direliş Ärtogrul filmi barada pikir alyşdy.

Nazarbaýew serialdaky Ibn Arabi rolunyň üstünde duryp geçdi.

Nazarbaýew Sataýewe “Türkiýäniň Ärtogrul serialyna tomaşa etdiňmi? Ärtogruly ak sakgally bir ýaşuly hemişe ugrukdyrýar. Atalarymyz hem şolar ýaly edýärdi. Bu filmde hem şolar ýaly rol bolmaly” diýdi.

 

Gepleşigimizi Azerbaýjandan gelip gowuşan habarymyz bilen dowam edýäris.

Yslam ýurtlarynyň diplomatlyga dalaşgär ýaşlar Yslam konferensiýa dialogy we Hyzmatdaşlyk ýaşlyk forumynyň Azerbaýjanda guralan Halkara Yslam hyzmatdaşlyk guramasy nusgasy diplomatiýa maslahatyna gatnaşdylar.

Bakuda geçirilen maslahatda diplomatlar bilen ylmy işgärleriň arasynda tejribe çalşygy boldy. Diplomatlyga dalaşgär ýaşlardan öz ýurtlarynyň syýasatlaryna wekilçilik edip bilmekleri üçin halka ýüzlenme, toparara aragatnaşyk, ylmy-derňew, syýasy analiz, işjeň diňlemek, ylalaşyk, agzalyklara çözgüt tapmak, baha almak, tehniki ýazyjylyk ýaly dürli ugurlarda maglumat berildi we bu temalaryň ulanylmagy islendi.

Türkiýäniň Premýer ministrliginiň Diplomatiýa boýunça koordinatory Ali Osman Öztürk Türkiýäniň 1969-njy ýyldan bäri agza bolan Yslam hyzmatdaşlyk guramasynyň örän möhüm bir halkara guramasy ýagdaýyna gelendigini agza ýurtlaryň sanynynyň örän çalt artandygyny belledi. Öztürk soňky sebitleýin we global wakalaryň ele alynýan Yslam hyzmatdaşlyk geňeşiniň bu wakalar berýän kömeginiň hem örän täsirlidigini nygtady.

 

 Nobatda Türkmenistandan gelip gowuşan habarymyz bar.

Türkmenistanyň Türkmenbaşy şäheriniň golaýyndaky Uzynada meýdanynda tapylan ýatakdan her gün 500 müň kub metr tebigy gaz çykarylar.

Tebigy gaz ätiýajy taýdan uly mümkinçilige eýe bolan Hazar deňiziniň kenarynda Türkmenbaşy şäheriniň golaýyndaky Uzynada meýdanynda tapylan gaz ýatagyň ýeriň 7 km aşagynda tapylandygy mälim edildi. Bu ýerden çyljak guýydan her gün takmynan 500 müň kub metr tebigy gaz we ýarym suwuklandyrylan gidrokarbon garyndysyndan ybarat 150 tonna gaz kondensaty çykarylar.

Türkmenistan dünýäde tebigy gazyň ätiýaçlary taýdan Russiýa, Eýran we Katardan soň 4-nji orun eýeleýär. Türkmenistanyň gündogarynda takmynan 1000 inedördül km meýdany öz içine alýan Galkynyş meýdany bolsa dünýäniň iň uly ikinji tebigy gaz ätiýajyna eýe.

Bu sebitden başlaýan Türkmenistan-Özbegistan-Gazagystan-Hytaý tebigy gaz geçiriji turba 2009-njy ýylda açyldy. Türkmen gazynyň iň uly müşderisi bolan Hytaý bu geçirijiniň üsti bilen türkmenistanyň tebigy gaz eksportynyň 62 göterimini satyn alýar. Türkmen gazynyň beýleki bir uly alyjysy bolsa Russiýady. Emma Russiýa 2016-njy ýylyň ýanwar aýynda Türkmenistandan gaz satyn almagy bes edipdi.

 

Gepleşigimize Tatarystandan gelip gowuşan habarymyz bilen tamamlamakçy.

Tatarystanyň paýtagty Kazan şäherinde 18-21-nji maý aralygynda geçiriljek Halkara ykdysady maslahat Russiýa-yslam dünýäsi: KazanSummit-2017 50 ýurtdan 2 müňden gowrak myhman kabul etmäge taýarlyk görýär.

Russiýa bilen Yslam hyzmatdaşlyk guramasyna agza ýurtlaryň gatnaşýan Halkara ykdysady sammit Kazan şäherinde ilkinji gezek 2009-njy ýylda geçirilipdi. Şol ýyldan bäri sammit Russiýa Federasiýasy we Tatarystan Respublikasy tarapyndan gurnalýar.

Maslahadyň maksady Russiýa bilen Yslam hyzmatdaşlyk guramasyna agza ýurtlaryň arasynda söwda-ykdysady, ylmy-tehnologiýa, sosial we medeni gatnaşyklary ösdürmekden ybarat.

KazanSummit-2017’ä 50 ýurtdan 2 müňden gowrak myhmanyň gatnaşmagyna garaşylýar. Olaryň arasynda ilçiler we yslam dünýäsiniň ministrleri, Russiýanyň we daşary ýurtlaryň maliýe institutlarynyň wekilleri, parlamendiň deputatlary, maýadarlar we işewür adamlar, we azyndan 200 metbugat işgäriniň gatnaşjakdygy habar berildi.

Alynan maglumata görä KazanSummit-2017-e Türkiýäniň ykdysadyýet ministri Nihat Zeýbekji, Tunisiň Maýa goýum we Halkara hyzmatdaşlyk ministri Muhammet Abdelkefi, BAE-niň Ykdysadyýet minsitri Abdullah Ahmet Al Saleh gatnaşar.

KazanSummit-2017’ temasy halkara ykdysady gatnaşyklaryň çäginde Yslam maýa goýumlary bolar.

Maslahatda şol bir wagtda sosial iş ugurlary, ekologiýa, ynsanperwer guramalar, kärhananyň içindäki strategiýalar, syýahatçylyk, yslam bilimi ýalt täze temalar hem ara alynyp maslahatlaşylar.

KazanSummit-2017-de ilkinji gezek Russiýada halal Expo sergisi geçiriler.



Degişli Habarlar