Aktual Analiz

Hiç aýtmaýar, aýdyp bilenok, sebäbi nämedigine düşünip bilmediler…

651007
Aktual Analiz

 

Global, sebitleýin we ýerli syýasy dinamikalary, tejribeleri ählisini jemläp, düşündirjek görnüşde synplandyrylmaly.

Donalt Trampyň prezidentliginiň ABŞ-nyň daşary syýasat taryhynyň 1950-nji ýyldan biziň günlerimize çenli gelen-ulgamdan aýrylyş alamatlaryny görkezýändigi görülýär.

“Germaniýanyn daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Martin Şafer: “Asadyň güýji çäklendirilmese çaknyşygyň bes edilmeginiň mümkin bolmandygyny pikir edýärin” diýdi. Germaniýanyň uzak möhletli meýilnamalarynyň özgermändigini hem beýan eden sekretar, Siriýada Russiýanyň we Türkiýäniň hemaýatkärliginde ýola goýulan ylalaşyga kanagatlanma bildirýäris” diýdi.

Ine şertler şeýle.

Britaniýa… “Independent” gazeti; “Reina hüjümine iň ýerlikli jogap, Türkiýede dynç almak. Syýahat hem syýahatçy hem-de syýahat edilen ýurt üçin sylaglaýjy tejribe. Her ýyl Stambuly we Türkiýäniň kenarlaryny gezýän millionlarça adamyň bardygy göz öňünde tutulanda, haýsydyr br howpa duçar bolma ähtimallygyňyz diýseň pes”…

“Taýms” gazeti; “Günbatar Türkiýä berip bilýän ähli goldawyny bermeli. Şeýlelikde resmi Ankara geljekde başlajak parahatçylyk gepleşiklerinde Türkiýe arkaly günbatar wekilçilik edilip bilinjekdigini duýdurmaly. Günbatar ýurtlary DAIŞ meselesinde ellerindäki ähli maglumaty Türkiýä bermeli.”

Yraga sapar guran Fransiýanyň Prezidenti Fransua Olland; “Terrorçylyga garşy göreşe berilýän goldaw Fransiýa guralan hüjümleriň öňüniň alynmagyny üpjün eder. Olar bize hüjüm edýärkä biziň ýurdumyzda hüjüm guramaga taýarlyk görýärkäler biz hem ählisine garşy göreşýän ýaly göreşeris. Siriýa meselesinde bolsa syýasy çözgüdiň tarapynda” diýdi.

“Ýefrat galkany” operasiýasyna hamala diýersiňiz özlerine guralýan ýaly garşy durýanlaryň şol sözlemlerden netije çykaryp-çykarmajakdygy başga mesele, emma resmi Parižiň Bagdada, Siriýa we Erbile bolan gatnaşygynyň pursady möhüm.

Şol sanda Premýer ministr Binali Ýyldyrymyň Yraga sapary hem türk daşary syýasatynyň esasy ugurlaryndan biri…

Bagdat bu sapara Siriýa jähtden hem sabyrsyzlyk bilen garaşýar! Yragyň Premýer ministriniň Olland bilen duşuşygynda sözlän sözleri onuň görkezijisidir; “Stambuldaky we dünýänin başga ýerlerindäki hüjümleri guran global terror guramasydyr”…

Terror guramasynyň geljegi barada aýdan sözleri; “PKK-nyň Yragyn üsti bilen Türkiýä hüjüm etmegine ýol bermeris!”

Bagdat diýlende…

“Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhani; “Stambulda gynandyryjy wakany başdan geçirdik. Bu waka, terrorizme garşy durman, ony ýok etmän halatymyzda wirus ýaly hiç kime nebsiniň agyrmajakdygyny görkezdi. Siriýadaky ylalaşyga Eýranyň goşandynyň bolmandygy, Türkiýe bilen Russiýanyň tagallasy bilen gazanylandygy baradaky habarlar dogry däl. Eýran terrorizme garşy göreşde we diplomatiýada möhüm, işjeň pozisiýa eýeledi. Biz yzgiderli häsýetde Siriýa, Russiýa we Türkiýe bilen aragatnaşykda” diýdi.

Geçen sişenbe güni Premýer ministr Binali Ýyldyrym partiýasynyň Mejlis toparynyň maslahatynda şeýle diýipdi: “Donalt Tramp bu masgaraçylygy-Obamanyň düzgünlerini bes etsin. Bes etmese biz onsuz hem ýolumyzy dowam etdireris”…

Mesele şeýle: ABŞ/günbatar bilen aramyz düzelenden soň ýalňyşlyklary gaýtalamazlyk.

Ankaradan görnüşine görä gaýtalanmajaga meňzeýär.



Degişli Habarlar