Türk Taryhynyň Parlak Ýyldyzlary

Hajy Baýram Weli

641091
Türk Taryhynyň Parlak Ýyldyzlary

 

Hajy Baýram Weli Beglikler we Osmanly türkmen döwleti zamanasynda ýaşap geçen Anadolynyň ruhy mimarlarynyň biridir. Hajy Baýram Weliniň hakyky ady Numandyr. Pikirzada Ankara welaýatynyň Solfasol diýilen ýerinde 1340-1350-nji ýyllaryň aralygynda dogulypdyr. Kakasynyň ady Ahmet, atasynyň ady bolsa Mahmutdyr. Ejesiniň ady taryhy çeşmelerde ýok bolsada, gubury Solfasol obasynda ýerleşýär. Hajy Baýram Weliniň dogulan we ýaşap geçen öýi diýip kabul edilen bir öý Solfasol obasynyň metjidiniň golaýynda häzirki wagtda muzeýdir.

Oňa Baýram adyny mugallymy Somunju Baba lakamy bilen tanalýan Şyh Hamidüddin Aksaraýy dakypdyr. Hajy Baýram Weliniň özinden kiçi Safiýüddin we Abdal Myrat atly jigileri bolupdyr. Safiýüddiniň gubury barada maglumat bolmasada, pikirzadanyň beýleki jigisi Abdal Myradyň gubury häzirki Çankyry welaýatynyň Eldiwan etrabynyň Seýdiköý diýilen ýerinde ýerleşýär. Abdal Myrat Hajy Myrat Weli ady bilen hem tanalypdyr.

Hajy Baýram Weliniň 5 sany erkek we 3 sany gyz çagasy bolupdyr. Erkek çagalarynyň atlary Ahmet Baba, Baba Soltan, Edhem Baba, Ibrahim Baba we Ali Baba bolupdyr. Gyz çagalaryndan diňe Haýrünnisa Hatynyň ady biziň günlerimize çenli gelip ýetipdir. Hajy Baýram Weliniň nesli ogly Şyh Ahmet Babadan we Haýrünnisa Hatyndan dowam edipdir we häzirki güne çenli gelip ýetipdir.

Osmanly türkmen döwleti zamanasyndaky gazna resminamalarynda Hajy Baýram Weliniň nesline degişli bolan belliklere gabat gelip bolýar. Ankaranyň Patma Bajy obasyndaky aramgäh, metjit, zawiýa ýaly binalaryň Hajy Baýram Weliniň nesillerinden bolan Hajy Togrula we Ogul bege degişlidigi bilinýär.

Hajy Baýram Weliniň Ahmet Baba atly ogly Ankarada Pir Öýi atly derwişhananyň şyhy bolupdyr. Pikirzadanyň gyzy Haýrünnisa Hatyn bolsa türk edebiýatynda we medeniýetinde öçmejek yz galdyryp giden şahyr Eşrefogly Ruminiň aýalydyr.

Hajy Baýram Weliniň çagalyk ýyllaryny geçiren Ankara we onuň töweregi 1354-nji ýylda Osmanly türkmen döwletiniň Soltany Orhan Gazynyň ogly Süleýman Paşa tarapyndan döwlete birikdirilipdir. Welaýatyň merkezi bolan Ankara Osmanly döwletiniň wajyp ýerleriniň biri bolupdyr we Anadoly Başbegliginiň merkezi hasaplanypdyr.

Hajy Baýram Weli Ankaranyň we onuň töwereginiň Osmanly döwletine birikdirilen mahallary çagady.

Pikirzada ahileriň täsirli bolan ýerilerinden biri bolan Ankara şäherinde çagalyk ýyllaryny geçiripdir.

Şäheriň merkezinde we obalarynda jerçi bileleşiginiň wekilleri bolan ahiler bardy. Ahî Çomak, Ahi Mahmud, Ahî Elwan, Ahî Ewran, Ahî Hüsam, Ahî Şerafeddin, Ahî Ýakub, Ahî Murad, Ahî Dogan, Ahî Ören ve Ahî Mesud olaryň käbirleridir. Ahileriň şäherinde önüp-ösen Hajy Baýram Weliniň beýleki bir lakamy bolsa Ahi Soltandy. Alym mugallymy Somunju Babanyň beren maslahatyna eýerip daýhançylyk bilen meşgullanan ahi lideridir.

Hajy Baýram Weli Somunju Babanyň ýanyna gitmezden ozal Melike Hatyn medresesinde birnäçe wagt mugallym bolup işläpdir.

Ewliýa Çelebi 1560-njy ýylda Hajy Baýram Weliniň aramgähini zyýarat etdi. Ewliýa Çelebi Är Soltanyň Hajy Baýram Weliniň mugallymydygyny aýdypdyr. Är Soltanyň Ankara welaýatynyň Agaçpazar diýilen ýerinde kiçiräk aramgähi bardyr. Aramgähine adamlar baryp zyýarat edýär.

Hajy Baýram Weli hem ýokary bilim alan pikirzada hem-de sopy adamdy. Ol Ýyldyrym Baýazid han bilen merkezi Anadola sapar guran wagty duşuşypdyr we Soltan tarapyndan köşkde ýokary wezipeli ýerleriň birine bellenipdir. Hajy Baýram Weli 1402-nji ýylda Ýyldyrym Baýazidiň Teýmirleň tarapyndan ýeňlişe sezewar bolmagyndan soň Somunju Baba bilen Bursadan Adana welaýatynyň Jeýhan derýasynyň golaýynda erenleriň ýaşaýan obasyna barypdyrlar we birnäçe wagt ol ýerde galanlaryndan soň Bursa yzyna gaýdyp gelipdirler. Emma Somunjy Babanyň Aksaraýa gitmeginden soň Hajy Baýram Weli hem Ankara gidipdir. Pikirzada Ankarada şägirt ýetişdirmegini dowam etdiripdir. Hajy Baýram Weliniň ýetişdiren şägirtleriniň arasynda Osmanly türkmen döwletiniň tanymal soltany Fatih Soltan Mehmediň mugallymy Akşemseddin hem bardy. Osmanly türkmen döwletiniň Soltany II Myrat we Hajy Baýram Weli bilen Edirnede duşuşypdyr.

Hajy Baýram Weli 1430-njy ýylda Ankarada ýogalypdyr. Ol özünden soň Baýramilik atly sopylyk ugrunyň döremegine sebäp bolupdyr.

Osmanly taryhynyň iň köne ýajyjysy Aşykpaşazade ol barada: “Anadolyda Hajy Baýram Weli ýüze çykdy. Ol dogalary kabul bolýan eý görülýän adamlaryň biridi” diýip ýazypdyr.



Degişli Habarlar