Eýrandaky sil apatynda ýedi adam ýogaldy

Eýranyň Rezewi Horasan welaýatynyň Maşad şäherinde başdan geçirilen sil apatlarynda 7 adam ýogaldy

2140234
Eýrandaky sil apatynda ýedi adam ýogaldy

Eýranyň resmi habarlar agentligi IRNA tarapyndan berilen habara görä, Maşad şäherinde düýn günortandan soň aşa ýagan ýagyşlar sebäpli emele gelen sil apatynda 2 adam ulaglarynyň içinde, 1 eje bilen 4 çaga hem öýleriň içinde çykyp bilmän ýogaldylar. 

Rezewi Horasan welaýatynyň Gyzyl ýarymaý jemgyýetiniň başlygy Muhsin Zakirýan sil apaty sebäpli 12 adamyň dereksiz ýitendigini habar berdi.

Maşad şäherinde sil sebäpli 150 öýe zeper ýetendigi, azyndan 250 maşgalanyň şäheriň howpsuz zolaklary bilen golaýdaky obalara ewakuasiýa edilendigi mälim edildi. 

Gözleg we halas ediş işleri dowam edýär. 


Etiketkalar: #Maşad , #sil apaty , #Eýran

Degişli Habarlar