Zelenskiý Ispaniýa we Portugaliýa gurajak saparlaryny goý bolsun etdi
Ukrainanyň döwlet baştutany Wladimir Zelenskiý Russiýanyň soňky günlerde ýurdunyň Harkow şäherine garşy hüjümleriniň gerimini giňeltmegi sebäpli Ispaniýa we Portugaliýa gurajak saparlaryny goý bolsun etdi
Ispaniýanyň Şa köşgi anna güni guraljakdygyny aýdan Zelenskiý bilen Şa IV Filipiň duşuşygynyň goý bolsun edilendigini habar berdi.
Zelenskiýniň Madritde Ispaniýanyň Şasy IV Filip we premýer ministri Pedro Sançez bilen duşuşyklar geçirmegi, howpsuzlyk we goranyş ugurlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk ylalaşyklaryna gol çekmegi göz öňünde tutulýardy.
Ukrainanyň döwlet baştutany Wladimir Zelenskiýniň Ispaniýa saparyndan soň Portugaliýa geçmegi meýilleşdirilýärdi.
Diplomatik çeşmeler Russiýanyň Harkowa garşy hüjümlerini artdyrmagyndan soň Zelenskiýniň bu ýurtlara gurajak saparlaryny yza süýşürmäge mejbur galandygyny habar berdiler.
Degişli Habarlar
Ysraýyl Gazada BMG degişli mekdebe hüjüm gurady
Ysraýyl ýaşaýan ýerlerinden mahrum bolan palestinalylaryň galýan BMG degişli mekdebe hüjüm gurady