Russiýanyň Ukrainanyň Harkow şäherine guran hüjüminde bir adam ýogaldy
Asuda ilatly ýere guralan hüjümde 40 kiçiräk garaža we ulaglara zeper ýetendigi, 2 öýüň ýumrulandygy mälim edildi
2134257
Ukrainanyň Adatdan daşary ýagdaýlar gullugyndan berilen beýanatda, Russiýanyň Harkow şäherine guran hüjüminde 1 adamyň ýogalandygy habar berildi.
Asuda ilatly ýere guralan hüjümde 40 kiçiräk garaža we ulaglara zeper ýetendigi, 2 öýüň ýumrulandygy mälim edildi.
Adatdan daşary ýagdaýlar gullugy hüjümden soň ýüze çykan ýangyny söndürmek üçin işe girişdi.
Degişli Habarlar
Nigeriýada 10 Ýyl Ozal Zamun Alynanlar Boşadyldy
Boko Harama agza terrorçylaryň bolýan merkezine Sambisa tokaýyna operasiýa guraldy.