Nigeriýanyň Hökümeti Bikanun Ýollardan Alnyp Gidilen Pullaryň Yzyna Gaýtarlyp Berilmegi Isleýär
Nigeriýaly ýolbaşçylaryň millionlarça dollary bikanun ýollardan ABŞ ýaly birnäçe ýurda alyp gidendigi öňe sürülýär.
Nigeriýanyň hökümeti, ýurduň ýolbaşçylary tarapyndan bikanun ýollardan alnyp gidilen pullaryň yzyna gaýtarlyp berilmegi üçin ABŞ-na çagyryş berdi.
Nigeriýanyň Daşary işler ministri Ýusuf Maitama Tuggar, hökümetiň Nigeriýaly ýolbaşçylar tarapyndan bikanun ýollardan alnyp gidilen millionlarça dollaryň yzyna gaýtarlyp berilmegi üçin işe girişendigini aýtdy.
Tuggar, ABŞ tarapyndan ýurda yzyna gaýtarlyp berlen 308 million dollaryň ýeterlik bolmandygyny ýatlatdy.
Nigeriýanyň hökümetiniň bikanun ýollardan alnyp gidiilen pullary halkyň bähbidi üçin ulanjakdygyna ünsi çeken Tuggar, pullaryň yzyna gaýtarlyp berilmegi üçin ABŞ-na çagyryş berdi.
Nigeriýaly ýolbaşçylaryň döwlet eýeçiligine degişli millionlarça dollary bikanun ýollardan ABŞ ýaly birnäçe ýurda alyp gidendigi öňe sürülýär.
Degişli Habarlar
Gazada Ýogalanlaryň Sany Artmaga Dowam Edýär
Ysraýylyň 228 günden bäri Gaza Sektoryna garşy guraýan hüjümleri hakynda maglumat berildi.