Türkiýe, Mark Rutteniň NATO-nyň Baş Sekretarlygyna Goldaw Berýär

Rutte, NATO-nyň Baş sekretarlygy üçin Türkiýäniň berjek goldawynyň özü üçin diýseň möhümdigine ünsi çekipdi.

2133369
Türkiýe, Mark Rutteniň NATO-nyň Baş Sekretarlygyna Goldaw Berýär

Türkiýe, NATO-nyň Baş sekretarlygy üçin Gollandiýanyň Premýer-ministri Mark Rutteniň dalaşgärligine goldaw berjekdigini mälim etdi.

Türk ýolbaşçylaryndan alynan maglumata görä, Türkiýe NATO-nyň Baş sekretarlygy üçin Rutteniň dalaşgärligine goldaw berer.

Ruttenin geçen hepde NATO-nyň Baş sekretarlygy üçin goldaw soramagy sebäpli Prezident R. T. Erdogan bilen Stambulda bolan duşuşygyndan soň Türkiýe, şu gün NATO-nyň Baş sekretarlygy üçin Ruttä goldaw berjekdigini mälim etdi.

Prezident Erdogan, 26-njy aprelde Türkiýede saparda bolan Gollandiýanyň Premýer-ministri Mark Rutte bilen Wahdettin köşgünde duşuşypdy.

Mark Rutte duşuşykdan soň beren beýannamasynda, NATO-nyň Baş sekretarlygy üçin Türkiýäniň berjek goldawynyň özü üçin diýseň möhümdigine ünsi çekipdi.

 

 



Degişli Habarlar