“Polşa Ýadro Ýaraglarynyň Ornaşdyrylmagyna Taýar”

Prezident Duda, 22-nji aprelde ýurduna ýadro ýaraglarynyň ornaşdyrylmagyna taýardyklaryny aýdypdy.

2133605
“Polşa Ýadro Ýaraglarynyň Ornaşdyrylmagyna Taýar”

 

Polşanyň Prezidenti Andrež Duda, ýurduna ýadro ýaraglarynyň ornaşdyrylmagy meselesinde hiç hili kararyň kabul edilmändigini aýtdy.

Kanadandan ýaýlyma berilýän JTW Nýus kanalyna beýannama beren Duda, NATO-nyň gündogar ganadynyň güýçlendirilmegi maksady bilen ýurduna ýadro ýaraglaryny ornaşdyrmak ähtimallygy barada durup geçdi.

Duda, “Bu mesele hakynda doly maglumatym ýok we hiç hili karar kabul edilmedi. Emma biziň taýardygymyzy nygtamak isleýärin” diýdi.

Russiýanyň “howplydygyny” nygtan Duda, ýadro ýaraglary baradaky kararyň NATO agza ýurtlar tarapyndan kabul edilmelidigini ýatlatdy.

Prezident Duda, 22-nji aprelde ýurduna ýadro ýaraglarynyň ornaşdyrylmagyna taýardyklaryny aýdypdy.

 

 



Degişli Habarlar