Ysraýylyň Gaza garşy guraýan hüjümlerinde ýogalan palestinalylaryň sany 34 müň 488 adama ýetdi

Palestinanyň Gazadaky Saglygy goraýyş ministrliginden berilen beýanatda Ysraýylyň Gaza zolagyna garşy eýýäm 206 gün bäri dowam etdirýän hüjümleri barada maglumat berildi

2133333
Ysraýylyň Gaza garşy guraýan hüjümlerinde ýogalan palestinalylaryň sany 34 müň 488 adama ýetdi

Ysraýylyň goşunynyň Gaza zolagyna garşy 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabrynda başladan hüjümlerinde şu günki güne çenli ýogalan palestinalylaryň sany soňky 24 sagatda 34 adam artyp, 34 müň 488 adama ýetdi

Palestinanyň Gazadaky Saglygy goraýyş ministrliginden berilen beýanatda Ysraýylyň Gaza zolagyna garşy eýýäm 206 gün bäri dowam etdirýän hüjümleri barada maglumat berildi. 

Palestinanyň Gazadaky Saglygy goraýyş ministrliginden berilen beýanatda Ysraýylyň goşunynyň soňky 24 sagatda Gaza zolagyna guran hüjümlerinde ýene-de 34 palestinalynyň ýogalandygy, 68 palestinalynyň bolsa ýaralanandygy mälim edildi. 

Ysraýylyň 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabryndan bäri Gaza zolagyna garşy guran hüjümlerinde ýogalan palestinalylaryň sany 34 müň 488 adama, ýaralanan palestinalylaryň sany bolsa 77 müň 643 adama ýetdi. 

Beýanatda mundan başgada ýumrulan binalaryň harabalyklarynyň arasynda we ýoluň gyralarynda ýogalan adamlaryň jesetleriniň bardygy, emma ysraýylly esgerleriň päsgel bermegi sebäpli şol jesetleriň ýygnalyp bilinmeýändigi aýan edildi. 


Etiketkalar: #hüjüm , #Gaza , #Ysraýyl

Degişli Habarlar