Nigeriýada ýaragly hüjümler guraldy

Nigeriýanyň tapawutly sebitleri ýaragly toparlar bilen birlidke Boko Haram we ISWAP terror guramalarynyň hüjümlerine sezewar galýarlar

2133313
Nigeriýada ýaragly hüjümler guraldy

Nigeriýanyň Borno we Sokoto welaýatlarynda terror guramasy DAIŞ-iň Günbatar Afrika şahasy ISWAP we ýaragly toparlarynyň agzalary tarapyndan guralan hüjümlerde, Raýat bilelikdäki wezipe güýjünden (CJTF) 25 adam ýogaldy. 

Milli metbugatda berilen habarlara görä ISWAP-yň Borno welaýatynyň Gamboru Ngala sebitinde ýola ýerleşdiren mina, CJTF-e degişli ulaglaryň geçýän mahaly partladyldy. 

CJTF-yň başlygy Tijjanima Umar partlamada CJTF-den 11 adamyň ýogalandygyny, 2 adamyň hem ýaralanandygyny habar berdi. 

Sokoto welaýatyndaky CJTF-iň işgäri Ismail Harun hem guramanyň agzalarynyň Sokoto welaýatynyň Isa sebitinde guran hüjüminde CJTF-den 14 adamyň ýogalandygyny habar berdi. 

Nigeriýanyň tapawutly sebitleri ýaragly toparlar bilen birlidke Boko Haram we ISWAP terror guramalarynyň hüjümlerine sezewar galýarlar. 

Ýurtda terror guramalaryna we ýaragly toparlara garşy göreşmek maksady bilen goşuna goldaw bermek maksady bilen CJTF guramasy döredilipdi. 

 



Degişli Habarlar