Baýden Iň Pes Goldawy Alan Prezident Boldy
ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýdeniň ähli prezidentleriň arasynda birinji möhletinde iň pes godlawy alandygy beýan edildi.
2133087
Merkezi ABŞ-da ýerleşýän ylmy-barlag firmasy “Gellap” ýurtdaky prezidentleriň birinji iş möhletleri boýunça goldaw görkezijilerini öz içine alýan işini çap etdi.
Netijä görä entek prezidentliginiň birinji möhletini dowam etdirýän Jo Baýden 38,7 göterim goldaw aldy. Bu mukdar ähli prezidentleriň birinji iş möhletinde alan goldawlarynyň hatarynda iň pesi boldy.
Ozalky prezidentlerden Donald Tramp birinji iş möhletinde 46,8 göterim, Barak Obama bolsa 45,9 goldaw alypdy.
Degişli Habarlar
Owganystanda Syýahatçylara Guralan Hüjümiň Jogapkärçiligini DEAŞ Öz Üstüne Aldy
Hüjümde 3-i Ispaniýanyň, 3-i hem Owganystanyň raýaty bolan 6 adam ýogalypdy.