Russiýada Goranmak ministriniň orunbasary derňew tapgyrynda tussaglykda saklanar

Russiýada parahorluk aýyplamalary bilen tussag edilen Goranmak ministriniň orunbasary Timur Iwanowyň derňew wagtynda öňüni alyş çäreleriniň çäginde tussag edilmegi barada karar kabul edildi

2131574
Russiýada Goranmak ministriniň orunbasary derňew tapgyrynda tussaglykda saklanar

Moskwanyň Şäher kazyýetiniň metbugat gullugyndan berilen beýanata görä, paýtagt Moskwa şäherindäki Basmannyý sebitleýin kazyýeti parahorlyk aýyplamasy bilen göz tussaglygyna alynan Timur Iwanowyň derňew geçirýän resmileriň talabyna laýyklykda öňüni alyş çäreleriniň çäginde 23-nji iýuna çenli tussagklykda saklanmagy barada karar kabul edildi. 

Iwanowyň Goranmak ministrligi bilen baglanyşykly edaralaryň gurluşyk we abatlaýyş işleri bilen baglanyşykly taslamalary dolandyrandygy mälim edildi.

Ministriň orunbasary Iwanowyň jenaýat şärikdigi aýdylýan Sergeý Borodiniň hem 23-nji iýuna çenli tussag edilmegi barada karar kabul edilipdi. 

Russiýanyň Derňew komitetiniň metbugat gullugyndan berilen beýanatda, Timur Iwanowyň para almakda güman edilip göz tussaglygyna alynandygy aýan edilipdi. 

Russiýanyň hökümediniň metbugat geňeşçisi Dmitriý Peskow mesele bilen bagly metbugat işgärlerine beren beýanatynda, Timur Iwanowyň göz tussaglygyna alynmagy bilen baglanşykly ýurduň Döwlet baştutany Wladimir Putine maglumat berilendigini, Goranmak ministri Sergeý Şoýgunyň hem habarynyň bardygyny mälim etdi. 

Timur Iwanow Putiniň gol çeken kararnamasy bilen 2016-njy ýylyň maý aýynda Goranmak ministriniň orunbasary wezipesine bellenipdi. 



Degişli Habarlar