Gazada meningit we gepatit-c başlandy

Ysraýylyň hüjümleriniň astyndaky Gaza zolagynda halkyň arasynda meningit we gepatit-c başlandy

2131783
Gazada meningit we gepatit-c başlandy

Palestinanyň Saglygy goraýyş ministrligi tarapyndan berilen ýazmaça beýanatda, Ysraýylyň hüjümleri sebäpli ýerlerinden göçürilen palestinalylaryň arasynda kanalizasiýadaky lagym suwlarynyň aşmagy we agyz suwunyň ýoklugy sebäpli saglygy goraýyş bilen bagly meseleler ýüze çykmaga başlandygy habar berildi. 

Beýanatda meningit we gepatit-c wakalarynyň anyklanandygy bellenip, köçlerde we bosgun düşelgelerinde ençeme keseliň başlandygy we şol ýagdaýyň esasan hem çagalaryň arasynda saglyk betbagtlygy howpuny emele getirýändigi barada duýduryş berildi. 

Ministrligiň beýanynda degişli halkara we gumanitar guramalara "zerur we tiz wagtda çäreler görmek" barada çagyryş berildi.


Etiketkalar: #çaga , #gepatit , #meningit , #kesel , #Gaza

Degişli Habarlar