Belarussiýanyň lideri: "Bizi söweşe çekmek isleýärler" diýdi

Belarussiýanyň prezidenti Aleksandr Lukaşenko, NATO-nyň ýurdunyň günbatar serhediniň golaýynda harby güýjüni artdyrýandygyny belläp: "Bizi söweşe çekmek isleýärler" diýip belledi

2131819
Belarussiýanyň lideri: "Bizi söweşe çekmek isleýärler" diýdi

Belarussiýanyň prezidenti Aleksandr Lukaşenko konstitusiýa üýtgetmeler girizmek bilen iň ýokary wekilçilikli organa öwrülen Belarussiýanyň Halk Mejlisinde çykyş etdi.

Ýurdunyň Günbatar serhetlerindäki Polşada we Baltika ýurtlarynda NATO-nyň harby güýjüni artdyrandygyny aýdan Lukaşenko, NATO-nyň strategiki ýadro ýaraglaryny döwrebaplaşdyrmagy dowam etdirýändigini, özleriniň hem meňzeş wezipelere eýe bolan ýaraglary bazalaryna ýerleşdirendigini ýatlatdy.

Lukaşenko: "Bu zat örän aýdyň, bizi hakykatdan hem söweşe çekmek isleýärler. Baş serkerde hökmünde men hem, goşunymyz hem, ýörite gulluklarymyz hem ony aýdyň görýär. Olar bizi öjükdirip, hendek gazýarlar we harby infrastrukturasyny we ýaraglaryny döwrebaplaşdyrýarlar. Biz serhediň beýleki tarapynda parahatçylykly ýaşaýyş gurýarys, hendek gazmaýarys. Emma biziň parahatçylyga bolan söýgimiz rahatlyk däl. Ol bulaşdyrylmasyn" diýip belledi.

Howplaryň artmagy bilen Belarussiýanyň assimetrik çäreler görjekdigini we harby güýjüni artdyrjakdygyny aýdan Lukaşenko, "Bizi asimmetrik çäreleri görmäge mejbur etmäň" diýip duýduryş berdi.


Etiketkalar: #NATO , #Belarussiýa

Degişli Habarlar