ABŞ, Eýranly 2 Firma Bilen 4 Adama Sanksiýa Goýdy

ABŞ-da iş alyp barýan käbir firmalara we döwlet eýeçiligindäki edaradyr kärhanalara kiber hüjümiň guralandygy nygtaldy.

2131659
ABŞ, Eýranly 2 Firma Bilen 4 Adama Sanksiýa Goýdy

ABŞ, ýurtdaky firmalara we döwlet eýeçiligindäki edaradyr kärhanalara kiber hüjüm gurandyklary sebäpli eýranly 2 firma bilen eýranly 4 adama sanksiýa goýulmagy barada karar kabul etdi.

ABŞ-nyň Gazna ministrliginden berlen beýannamada, ABŞ-da iş alyp barýan käbir firmalara we döwlet eýeçiligindäki edaradyr kärhanalara kiber hüjümiň guralandygy nygtaldy.

Beýannamada, kiber hüjümiň Eýranyň ynkylap goragçylary goşunynyň Kiber komitetiniň adyndan guralandygy sebäpi eýranly 2 firma bilen eýranly 4 adama sanksiýa goýlandygy ýatladyldy.

ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygynyň metbugat geňeşçisi Miller hem mesele hakynda beren ýazmaça beýannamasynda, Döwlet sekretarlygynyň 4 adama sanksiýa goýulmagy üçin ýörite teswirnamanyň taýarlanandygyny belledi.

Beýannamada sanksiýa goýlan firmalar we şahyslar hakynda maglumat berildi.

Beýannamada, sanksiýa sanawyna degişli edilenleriň ABŞ-daky emlaklarynyň saklanandygy ýatladyldy.



Degişli Habarlar