Russiýada ministriň orunbasary göz tussaglygyna alyndy

Russiýanyň Goranmak ministriniň orunbasary Timur Iwanow para almakda güman edilip göz tussaglygyna alyndy

2131360
Russiýada ministriň orunbasary göz tussaglygyna alyndy

Russiýanyň Derňew komiteti Goranmak ministriniň orunbasary Timur Iwanowyň göz tussaglygyna alynmagy bilen bagly beýannama berdi. 

Beýanatda: "Goranmak ministriniň orunbasary Timur Iwanow para almakda güman edilip göz tussaglygyna alyndy. Zerur bolen derňew işi dowam edýär" diýip habar berildi. 

Russiýanyň hökümediniň metbugat geňeşçisi Dmitriý Peskow mesele bilen bagly metbugat işgärlerine beren beýanatynda, Timur Iwanowyň göz tussaglygyna alynmagy bilen baglanşykly ýurduň Döwlet baştutany Wladimir Putine maglumat berilendigini, Goranmak ministri Sergeý Şoýgunyň hem habarynyň bardygyny mälim etdi. 

Timur Iwanow Putiniň gol çeken kararnamasy bilen 2016-njy ýylyň maý aýynda Goranmak ministriniň orunbasary wezipesine bellenipdi. 



Degişli Habarlar