Germaniýada gamaly hüjümçi täsirsiz ýagdaýa getirildi

Germaniýada polisiýa işgärleriniň Mangeým uniwersitetinde gama göterýän hüjümçini ot açyp täsirsiz ýagdaýa getirendigi habar berildi

2131456
Germaniýada gamaly hüjümçi täsirsiz ýagdaýa getirildi

Polisiýa gullugyndan we prokuraturadan berilen beýanatda, Mangeým uniwersitetiniň kitaphanasynda 'uniwersitete girmegi gadagan edilen, oňaýsyz hereketler eden we elinde gama bolan 31 ýaşyndaky bir adamyň ot açylyp täsirsiz ýagdaýa getirilendigi' mälim edildi. 

Polisiýa gullugy uniweritete baran mahallary hüjümçiniň elinde gama bolandygyny we uniwersitetiň işgärleriniň birine hüjüm edendigini belläp, ot açylyp täsirsiz ýagdaýa getirileninden soň hassahana ýatyrylan hüjümçiniň ol ýerde ýogalandygyny habar berdi. 

Germaniýanyň raýaty bolandygy we Mangeým şäherinde ýaşaýandygy barada maglumat berilen adamyň uniwersitete näme sebäpli gidýändiginiň bilinmeýändigi we wakanyň derňelýändigi aýan edildi. 



Degişli Habarlar